Dün­ýä bel­li akt­ýor Tom Kruz bi­len ABŞ-nyň “Tes­la” we “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň esas­lan­dy­ry­jysy Ilon Mask kos­mos­da ki­no su­ra­ta dü­şür­me­gi mak­sat edin­ýär. Ola­ryň bu baş­lan­gy­jy ABŞ-nyň kos­mos agent­li­ginde (NA­SA) hem uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. NA­SA eda­ra­sy hem bu fil­m bo­ýun­ça iş alyp ba­rar. Bu eda­ra­nyň be­ren be­ýa­na­ty­na gö­rä, Tom Kruzyň kos­mos be­ke­din­de hyz­mat­daş­lyk et­mek müm­kin­çi­li­gin­den ho­şal bol­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär.
Bu film kos­mos­da dü­şü­ril­jek il­kin­ji ki­no bo­lar. Ki­no­nyň do­lu­ly­gy­na ýa-da bel­li bir bö­le­gi­niň kos­mos­da dü­şü­ril­jek­di­gi ba­ra­da en­tek do­ly mag­lu­mat ýok. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Tom Kruz adat­dan da­şa­ry şert­ler­de su­ra­ta düş­me­gi go­wy gör­ýär. Onuň “Ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­ýan mis­si­ýa” at­ly fil­mi ki­no muş­dak­la­ry­nyň uly söý­gü­si­ni ga­zan­dy. Şol ki­no­sy­nyň kä­bir bö­lek­le­ri­ni su­ra­ta dü­şür­mek üçin Tom Kruz 106 ge­zek pa­ra­şýut­dan bök­me­li bol­dy, dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy­na dyr­maş­dy we 6 mi­nut­lap su­wuň aşa­gyn­da dem al­man sak­lan­ma­ly bol­dy.

Şatlyk Akmyradow,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ta­ly­by.