Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheriniň täze ýolbaşçysy saýlandy. Deslapky netijelere görä, leýborist (iňlis işçiler partiýasynyň agzasy) Sadik Han saýlawda ýeňiş gazanyp, London şäheriniň häkimi boldy. Ol britan paýtagtynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanan ilkinji musulman hökmünde taryha girer.
Londonyň 14 saýlaw okrugynyň 13-üsinde saýlawçylar öz sesini Pakistandan göçüp gelen awtobus sürüjisiniň ogly Sadik Hana berdi. Ol sesleriň 44 göterimini eýeläp, dünýäniň iň köp syýahatçy çekýän şäheriniň täze häkimi boldy. Onuň garşydaşy multimillioner, Konserwatiw partiýasynyň agzasy Zak Goldsmit 35 göterim ses aldy.
Konserwatiw partiýanyň saýlawda ýeňlişe sezewar bolmagynyň netijesinde, olaryň 8 ýyllyk ýurduň paýtagtyny dolandyrýan döwri tamamlandy.
46 ýaşyndaky Han işçi maşgalasynyň agzasy. Kakasy awtobus sürüjisi bolan Hanyň 7 dogany bar. Olar bilelikde Londonyň eteginde ýaşaýar. Ol bu maşgalanyň 5-nji çagasy. Han käri boýunça hukukçy. 2008-2009-njy ýyllarda ýerli öz-özüni dolandyryş meseleleri boýunça döwlet ministri wezipesinde zähmet çekýär. 2009-2010-njy ýyllarda ulag boýunça döwlet ministri bolýar.
Ol 2013-nji hem-de 2015-nji ýylda Britaniýadaky musulmanlaryň arasynda “Ýylyň syýasatçysy” diýen ada mynasyp boldy. Sadik Han täze wezipesinde işlän döwründe ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösdürilmegine, medeni-durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, köpçülikleýin jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň bahasynyň durnuklylaşdyrylmagyna has köp üns bermegi göz öňünde tutýar. Sadik Han öýlenen, aýaly Saadiýa Ahmed hem özi ýaly hukukçy, iki gyzy bar.