Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde gazanan üstünliklerine halkymyzyň saglygyny hem-de durmuş derejesini düýpli gowulandyrmagyň esasy görkezijisi hökmünde garalýar, bu “Saglyk-2016” atly Halkara sergisinde aýdyň görkezilýär. Iri möçberli gözden geçiriliş Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda gazananlaryny hem-de ägirt uly mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ugurda işjeň gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini äşgär edýär.
Lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy işleriň awtory, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna baştutanlyk eden hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň lukmançylygyny ösdürmegiň milli nusgasyny işläp taýýarlady, ol ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini, şeýle hem dünýä saglygy goraýşynyň häzirki zaman meýillerini bitewi ulgama birleşdirýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitlerini iň täze lukmançylyk abzallary bilen enjamlaşdyrylan hem-de ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda bina edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri hem tassyklaýar.
Onuň hatarynda Aşgabatdaky Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky şunuň ýaly merkezler, Ylmy- kliniki kardiologiýa merkezli hassahana hem-de lukmançylyk awtoulag serişdeleri kärhanasy bar. Geçen ýyl lukmançylyk işgärleriniň hünär gününe gabatlanyp, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Baş dermanhanalar birleşiginiň häzirki zaman ammarynyň binalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Häzirki wagtda Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň, Lebap welaýatynyň merkezinde köpugurly hassahananyň, Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Şu ýylky geçirilýän hünär baýramçylygyna gabatlanyp, Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkeziniň hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriniň öňüni alyş merkeziniň açylyş dabaralary boldy.
Häzirki zaman lukmançylyk edaralary ýurdumyzyň innowasiýa ulgamynyň binýatlaýyn düzümlerine öwrülýärler. Ýurdumyz bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän dünýäniň belli öndürijileriniň hatarynda “Siemens Medical Systems AG”, “Fresenius Medikal Care GmbH”, “Draeger Medical”, “Kodak, Pentah”, “Toshiba”, “Olympus”, “Aloka”, “Fujinon”, “B.Braun Aescular”, “Leisa Microsystems”, “Samsung, “Mediaprogress”, “BTL”, “Karl Stroz”, “Human GBBH”, “Otto Bokk” we beýleki kompaniýalar bar.
Baýramaly, Berzeňňi, Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Farap we Daşoguz ýaly şypahanalaryň her biri saglygy dikeltmek boýunça häzirki zaman merkezleri bolup, enjamlaşdyrylyşy we hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi boýunça dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynda orunlaryň sany geçen ýyl 3 müň 266-a deň boldy. Bu bolsa, 2011-nji ýyldakydan 1 müň 75 orun köpdür. Dürli görnüşli tebigy şertler, mineral çeşmeler, türkmen topragynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikler – bularyň ählisi şypahana-dynç alyş, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin gaýtalanmajak mümkinçiliklerdir. Bejerişi we saglygy berkitmegi guramak boýunça häzirki wagtda türkmen şypahanalary dünýä derejesine çykdy, şeýle hem ýurdumyzyň lukmançylyk hyzmatlary, bejeriş serişdeleri daşary ýurtlularda hem uly gyzyklanma döredýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy geljekki hyzmatdaşlar üçin çäksiz mümkinçiliklere eýedir, bu taslama Türkmenistany strategik taýdan ösdürmek meýilnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup, giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda saglygy bejermegiň hem-de dynç alşyň iri möçberli düzümi kemala geldi. Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bilen täze lukmançylyk-durmuş desgalarynyň häzirki zaman “Awaza” şypahanasynyň hem-de Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Soňky ýyllaryň dowamynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen tebigatynyň bejeriş häsiýetli üstünliklerinden taýýarlanylan dermanlaryň önümçiligi boýunça kärhanalar açyldy. 2014-nji ýylda Jebelde bejeriş palçygyny hem-de deňiz duzuny gaplamak boýunça kärhana, şeýle hem Bereketde ýod önümçiligi boýunça zawod, Daşoguzda zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana, “Berzeňňi” mineral bejeriş suwuny öndürmek boýunça kärhana hem-de Abadanda garyndylary zyýansyzlandyrýan önümçilik boýunça zawod ulanmaga berildi.
2009-2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda 43 desga guruldy, enjamlaşdyryldy we ulanmaga berildi. Umuman, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sebitlerinde iki hassahana, 16 saglyk öýi gurlup, ulanmaga berildi. 2016-njy ýylyň meýilnamasy boýunça saglygy goraýyş ulgamynyň ýene 16 edarasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, oba ýerlerinde 44 hassahananyň, 72 saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Täze lukmançylyk desgalarynyň sanynyň artmagy bilen baglylykda, Türkmenistan boýunça näsaglygyň durnukly peselýändigi hasaba alynýar. 2009-njy ýylda her 100 müň adama 18 müň 448 näsagyň düşýänligi hasaba alnan bolsa, 2015-nji ýylda olaryň sany 17 müň 682 adama barabar boldy. Hususan-da, ýokanç kesellileriň sany üzül-kesil peseldi. 2011-nji ýylda bu san 538-e barabar bolan bolsa, 2015-nji ýylda 312 adama barabar boldy.
Çaga dogluşynyň ösüşinde hem şeýle oňyn ýagdaýlar hasaba alynýar. Munuň özi belli bir derejede saglygy goraýyş infrastrukturasynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. 2009-njy ýylda Türkmenistanda 129,9 müň çaga doglan bolsa, 2014-nji ýylda olaryň sany 22,8 göterim ýokarlanyp, 168,3 müňe barabar boldy.