Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Çe­hi­ýa­da ge­çi­ril­di. Ýur­duň Brno şä­he­rin­dä­ki “Ma­sa­rik” tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da “Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan 20 aý­law­lyk ýa­ry­şy 39 mi­nut 24,430 se­kunt­da ge­çip, möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 50-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şun­luk­da, 26 ýa­şyn­da­ky Mark Mar­kes Mo­to GP-de 50 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan 4-nji sü­rü­ji bol­dy. Bu ugur­da 89 ýe­ňiş bi­len ita­li­ýa­ly ro­wa­ýa­ty sü­rü­ji Wa­len­ti­no Ros­si 1-nji, baş­ga bir ital­ýan tür­gen Ja­ko­ma Agos­ti­ni 2-nji (68) hem-de Mik Du­han 3-nji (54) ha­tar­da bar­ýar. Çe­hi­ýa­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da “Ducati” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri ita­li­ýa­ly And­rea Do­wi­zio­so bi­len awst­ra­li­ýa­ly Jek Mil­ler de­giş­li­lik­de, 2-3-nji ýer­le­ri eýe­le­di­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Çe­hi­ýa “Gran Pri­sin­de” Mo­to2 ýa­ry­şyn­da-da Mark Mar­ke­siň ini­si Aleks Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. “Ka­lex” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Aleks Mar­kes hem aga­sy ýa­ly Mo­to2-de öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär.
Ge­çi­ri­len 10 ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 210-a ýe­ti­ren Mark Mar­kes bar­ha ara­ny aç­ýar. 147 utuk­ly And­rea Do­wi­zio­so bi­len 129 utuk top­lan Da­ni­lo Pet­ruç­çi 2–3-nji orun­la­ry eýe­le­ýär­ler. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 11-nji aw­gust­da Awst­ri­ýa­da ge­çi­ri­ler.