Mek­si­ka­nyň paý­tag­ty Me­hi­ko Si­ti­de oý­na­lan ten­nis du­şu­şy­gyn­da re­kord ha­sa­ba alyn­dy. Şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer bi­len ger­ma­ni­ýa­ly Alek­sandr Zwe­re­wiň ara­syn­da­ky gör­kez­me du­şu­şy­gy­na 42 müň 517 to­ma­şa­çy gat­naş­dy. Bu bol­sa ten­ni­siň ta­ry­hyn­da iň köp jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden du­şu­şy­gy bol­dy. Ro­deo hem-de öküz ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän rin­gi “Pla­za de To­ros”-da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Fe­de­rer 3:6, 6:4, 6:2 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Ten­ni­siň ta­ry­hyn­da­ky mun­dan öň­ki iň köp to­ma­şa­çy­ly du­şu­şyk 2010-njy ýylda bel­gi­ýa­ly Kim Kliýs­ters bi­len ame­ri­ka­ly Se­re­na Wil­li­am­syň ara­syn­da­ky oýun bo­lup­dy. Bel­gi­ýa­da oý­na­lan bu du­şu­şy­ga 35 681 to­ma­şa­çy to­ma­şa edip­di.