Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ýaryşynda Marynyň “Merw” topary çärýek finala çykdy. “Merw” topary bu ugurda Balkanabat şäheriniň “Türkmennebit” toparyny 2 ýerde-de ýeňlişe sezewar etmegi başardy. 1-nji duşuşyk Maryda oýnalyp, ýer eýeleri 5–0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Merwe” uly hasaply ýeňiş gazandyran gollary Döwlet Döwletmyradow (2), Begenç Guldurdyýew (32, 76), Döwlet Baýramow (86) hem-de Tirkiş Muhammetberdiýew (90+1) derwezä girizdi.
Balkanabatda oýnalan jogap oýnunda-da “Merw” 1–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeke-täk pökgini 11-nji minutda Toýly Goçnazarow öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Merw” çärýek finalda “Ahal” topary bilen duşuşar. 14–15-nji awgustda oýnaljak çärýek finalda “Ahal”–“Merw” duşuşygyndan başga-da, “Şagadam” bilen “Köpetdag”, “Altyn asyr” bilen “Nebitçi”, “Energetik” bilen “Aşgabat” toparlary özara güýç synanyşarlar. Çärýek finalyň jogap oýunlary-da 18-nji awgustda oýnalar.