Amerikan ýazyjysy Jorj Martin özüniň Westoros yklymy baradaky kitabynyň 2018-nji ýylda neşir ediljekdigine söz berdi. Onuň “Buzuň we alawyň aýdymy” atly köp jiltli romanynyň esasy wakalary ady agzalan yklyma bagyşlanýar. Ýazyjy häzirki wagtda täze kitabynyň üstünde işleýändigini we bu ugurda beýikli pesli ýollary geçýändigini gürrüň berýär. Martin “Buzuň we alawyň aýdymynyň” altynjy romanynyň ýa-da “Alaw we gan” eseriniň birinji jildiniň okyjylara haýsy wagtda gowuşjakdygyny mälim etmedi. “Buzuň we alawyň aýdymy” esasynda “Tagt oýunlary” atly teleserial döredilip, ol bütin dünýäde millionlarça adamyň uly söýgüsini gazandy.