Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Bar­se­lo­na” öz meý­dan­ça­syn­da “Mal­ýor­ka­ny” 5–2 ýeň­di. Oýun­da 3 gol ge­çi­ren Lio­nel Mes­si “La Li­ga­da­ky” het-trik­le­ri­niň sa­ny­ny 35-e ýe­ti­rip, Ro­nal­do­nyň (34 het-trik) re­kor­dy­ny öz ady­na ge­çir­di. “La Li­ga­da” baş­ga bir re­kord hem ha­sa­ba al­nyp, “Be­tis”–“At­le­tik” du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şon­da se­wil­ýa­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren 3 go­ly hem we­te­ran fut­bol­çy, 38 ýaş­ly (38 ýaş 140 gün) Hoa­kin San­çes öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, ol “La Li­ga­nyň” ta­ry­hyn­da het-trik eden iň ýa­şu­ly fut­bol­çy re­kor­dy­ny “Re­al Mad­ri­diň” ro­wa­ýa­ty oýun­çy­sy 37 ýa­şyn­da 3 gol ge­çi­ren Alf­re­do Di Ste­fa­no­dan al­ma­gy ba­şar­dy. “La Li­ga­da” soň­ky tap­gyr­da “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da “Es­pan­ýo­ly” fran­si­ýa­ly oýun­çy­la­ry Wa­ran we Ben­ze­ma­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ýeň­di.

* Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” “Ba­wa­ri­ýa” myh­man­çy­lyk­da sa­na­wyň li­de­ri “Bo­rus­si­ýa M” to­pa­ryn­dan 2–1 as­gyn ge­lip, yz­ly-yzy­na 2-nji, möw­süm­dä­ki 4-nji ýeň­li­şi­ni al­dy. Ýer eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň iki­si­ni hem 60-njy we 90+2-nji mi­nut­lar­da Ben­se­bai­ni ge­çir­di. “Le­ip­si­giň” öz meý­dan­ça­syn­da “Hof­fen­haý­my” 3–1 ýe­ňen tap­gy­ryn­da “Bo­rus­si­ýa” to­pa­ry Dort­mund­da Roýs hem-de San­ço­nyň her­si­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da “For­tu­na Düs­sel­dorf­dan” 5–0 üs­tün çyk­dy.

* Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da Man­çes­ter der­bi­sin­de ýe­ňiş myh­man­çy­lyk­da çy­kyş eden “Ýu­naý­te­diň” ta­ra­pyn­da bol­dy. Reş­ford we Mar­sia­lyň gol­la­ry bi­len “Si­ti­ni” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen “Ýu­naý­ted” 5-nji or­na beý­gel­di. Sa­na­wyň li­de­ri “Li­wer­pul” myh­man­çy­lyk­da “Born­mut­dan” 3–0 üs­tün çyk­dy. War­di­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da “Les­ter” myh­man­çy­lyk­da “As­ton Wil­la­ny” 4–1 ut­dy. Lon­don der­bi­sin­de “West Ham­dan” 3–1 üs­tün çy­kan “Ar­se­nal” çem­pio­nat­da 8 oýun­dan soň, il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy.

“ÝUWENTUSYŇ” ILKINJI ÝEŇLIŞI

* Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Ýu­wen­tus” myh­man­çy­lyk­da “La­sio­dan” 3–1 as­gyn ge­lip, şu möw­süm­de il­kin­ji ýo­la ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Rim­li­le­riň gol­la­ry­ny Lu­is Fe­li­pe, Mi­lin­ko­wiç-Sa­wiç hem-de Kai­se­do der­we­zä gi­riz­di. “In­ter” bi­len “Ro­ma­nyň” ara­syn­da­ky oýun­dan gol se­si eşi­dil­me­di.

* Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri PSŽ myh­man­çy­lyk­da “Mon­pe­lie­ni” ýyl­dyz­la­ry­ — Neý­ma­ryň, Mbap­pe­niň hem-de Ikar­di­niň gol­la­ry bi­len 3–1 ut­dy.

BIRINJI AÝLAW TAMAMLANDY

* Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 1-nji aý­law ta­mam­la­nyp, “Ze­nit” 10 utuk öň­de bar­ýar. Sankt-pe­ter­burg­ly­lar öz meý­dan­ça­syn­da “Di­na­mo­ny” Az­mu­nyň, Iwa­no­wi­çiň, Dzýu­ba­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 ýeň­di. Mosk­wa­nyň “Lo­ko­mo­ti­wi” myh­man­çy­lyk­da “Ar­se­nal Tu­la­dan” 4–0, “Spar­tak” bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da “Ros­tow­dan” 4–1 as­gyn gel­di.