Teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň iň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Micro­soft Corp.” Şe­re­ke­ti­niň 2015—2016-njy ma­li­ýe ýy­lyn­da­ky sap gir­de­ji­si 16,798 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Şu ýy­lyň iýun aýy­nyň 30-yn­da ma­li­ýe ýy­ly ta­mam­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň bu gör­ke­zi­ji­si ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne ga­ra­nyň­da, 37,7 gö­te­rim köp­dür. Bu ba­ra­da şereketiň res­mi in­ter­net saý­ty ha­bar ber­ýär.
Şe­re­ke­tiň ma­li­ýe ýy­ly­nyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­dä­ki aras­sa gir­de­ji­si 3,122 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ama­la aşyr­ýan hyz­mat­la­ryn­dan gel­ýän gir­de­ji 5 gö­te­rim kö­pel­di. De­giş­li dö­wür­de söw­da sa­tu­wyn­dan ge­len gir­de­ji­si 54 gö­te­ri­me deň bol­dy. Dür­li komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ýan “Micro­soft Corp.” şe­re­ke­ti­niň ha­sa­bat döw­rün­de hu­su­sy müş­de­ri­le­ri­ne sa­tan prog­ram­ma­la­ry­nyň möç­be­ri 19 gö­te­rim art­dy. Oňa ag­za bo­lan müş­de­ri­le­riň sa­ny 23,1 mil­lio­na go­laý­la­dy.
Ame­ri­ka­nyň “Micro­soft Corp.” kom­pa­ni­ýa­sy 1975-nji ýyl­da Bill Geýts hem-de Pol Al­len ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň mer­ke­zi bi­na­sy Wa­şing­to­nyň Red­mond et­ra­byn­da ýer­leş­ýär. Ol komp­ýu­ter­ prog­ram­malaryny taýýarlaýar. “Micro­soft Corp.” komp­ýu­ter­le­riň iş­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän “Win­dows” prog­ram­ma­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy­dyr.