19-njy sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Halkymyzyň iň söýgüli bagşylarynyň biri bolan beýik türkmen sazandasy Şükür bagşy barada döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp, beýan edilýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňýanynda çapdan çykan bu neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza ajaýyp sowgadydyr.
Maslahatlar zalynda hökümet agzalarynyň, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Bu ýere ýygnananlar halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna gyzgyn söýgüsi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda jemgyýetimizi ruhy taýdan ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, türkmenleriň gadymy däp-dessurlaryny saklamak boýunça köptaraplaýyn işleriň täze depgine eýe bolandygyny bellediler.
Özüniň kitabynda Şükür bagşynyň köptaraply keşbini açyp görkezip, milli Liderimiz bu keşbiň özeninde duran hem-de ony çeper eseriň we wagtyň çäklerinden çykarýan pikiriň özüniň umumadamzat mazmunyny nygtaýar. Bu kitap baplaryň 13-sini we sözsoňuny özünde jemleýär.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitap dürli reňkli suratlar, meşhur türkmen suratkeşleriniň eserleriniň nusgalary hem-de suratlary, Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti boýunça surata düşürilen Bulat Mansurowyň çeper filminiň şekilleri bilen ajaýyp bezelipdir.
«Zaman–Türkmenistan».