Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüşlere ynamly gadam urýan ýurdumyz ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirilip, bu ugurda täze üstünlikler gazanylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz ulag ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek üçin giň maýa goýum syýasatyny amala aşyrýar. Döwrebap gara ýollary, polat ýollary çekilip, täze howa menzilleri gurulýar. Bir döwürler hatar-hatar kerwen geçen ýollar döwrebap derejede özgerdilýär. Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda gadymy kerwen ýolunyň täzeden dikeldilmegine uly goşant goşan iri ulag taslamalary durmuşa geçirildi. Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabat Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeldýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Serhetabat – Turgundy demir ýoly hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz porty milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen halkara ulag geçelgeleriniň taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşandyny goşdy. “Lazurit” ulag geçelgesi boýunça Türkmenistanyň üsti bilen Owganystandan ilkinji synag ýük kerweni öz ýoluny tamamlady.
Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň noýabrynda “Lazurit” halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, 2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Owganystanyň Hyrat şäherinden ýola çykan ýük kerweni 15 günüň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Azerbaýjana geçip, ol ýerdenem Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä baryp ýetdi. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän täze ulag geçelgesi ilkinji ýük kerwenini öz üstünden geçirip, gadymy kerwen ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine goşant goşdy.
Bilermenleriň pikirine görä, bu ulag geçelgesi sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine uly itergi berer. Gysga wagtyň içinde sebitiň ýurtlarynyň dürli görnüşli eksport harytlaryny Ýewropa bazaryna çykarmaga giň mümkinçilik döredildi.
Şeýle halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýurdumyzyň döwrebap ýol-ulag düzümi giň mümkinçilikler açýar. Geçen ýyl ulanmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty ýurdumyzyň häzirki ulag düzüminde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň deňiz derwezesinden “Ro-Pax” derejeli “Berkarar” we “Bagtyýar” gämileri arkaly Hazarýaka portlaryna ýolagçylary hem-de ýükleri daşamak ýola goýuldy. Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portundan üstaşyr geçýän ýükleriň möçberi-de köpelýär.
Gämileriň gatnawynyň we ýük daşalyşynyň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolan iň döwrebap we programmalaýyn enjamlar bilen enjamlaşdyrylan deňiz portunyň ýokary tehnologiýaly düzümi ýükleri çalt ýüklemäge we düşürmäge ýardam edýär. Türkmenbaşynyň täzelenen ulag-logistika merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejesini üpjün etmäge, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymyny amatlaşdyrmaga niýetlenendir.
Merdan DÖWRANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.