Türkmenistan dünýä bazarynda energetika goruna iň baý ýurtlaryň biridir. Ýurdumyz geljekde hem energetika howpsuzlygy we durnukly energetika meseleleri boýunça BMG bilen özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär. Geçen 2017-nji ýylyň 30–31-nji maýynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti Halkara Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty bilen bilelikde, “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumyny geçirdi. Forumyň işine agza we synçy ýurtlaryň, halkara energetika we maliýe guramalarynyň, energetika şereketleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň ýokary wezipeli adamlary, esasy bilermenleri gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde energiýa serişdelerini, şol sanda tebigy gazy, nebit önümlerini we elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmek hem-de serhetýaka ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri halkara energetika hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de global energetika howpsuzlygyny gazanmak üçin Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň derwaýysdygyny tassykladylar.
Şu günki günde Energetika Hartiýasy BMG-niň Baş sekretarynyň 2014-nji ýylda çap edilen “Energiýa göterijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi, şeýle-de onuň halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmekdäki orny” atly hasabatynda beýan edilen energetika babatynda üstaşyr geçirmek meselelerini ugrukdyryjy hökmünde ýuridiki gural bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 80-den gowrak ýurduny özünde jemleýän Halkara Energetika Hartiýasyna goşulyşmak – munuň özi agzalaryň hemmesi üçin hökmany bolan we maýa goýumlary we energetika söwdasy bilen bagly töwekgelçilikleri ýoga çykarýan bitewi kadalary ulanmagyň hasabyna energetikada hukuk kadalarynyň pugtalanmagyny maksat edinýän Şertnama tarap ädilen ilkinji ädimdir.
Häzirki günlerde ýurdumyzda elektroenergetika ulgamy döwlet Baştutanymyzyň ýardam bermegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň degişli ugurlary bilen sazlaşykly ösdürilýär. Täze başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylyp, bu ugurda döwrebap beketler gurulýar. Mysal hökmünde, Marynyň Döwlet elektrik bekediniň çäginde bina edilen garyşyk bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygyny alyp göreliň.
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasyna laýyklykda ýerine ýetirilen garyşyk bug-gaz elektrik bekedi dürli aýratynlyklara eýedir. Marynyň DES-niň düzüm bölegi bolup durýan elektrobeket 1574 megawat bolan kuwwatlylyga niýetlenendir. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistanyň esasy DES-niň umumy kuwwatlylygy iki esse artar. Onuň esasy artykmaçlygy – ekologiýa taýdan arassalygy, galyndysyz önümçilik häsiýetliligi hem-de serişdeleriň tygşytlanmagyny üpjün edýänligidir. Onda esasy ýangyç hökmünde gaz bilen bilelikde suw bugunyň işleýänligidir. Şeýlelikde, peýdaly hereketleriň görkezijisi 34,2 göterimden 57 göterime çenli artar. Bu ýagdaýda howa bölünip çykýan zyýanly galyndylar 3 esse, şol birwagtyň özünde ýangyjyň sarp edilişi-de azalýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda bu geljegi uly pudaga maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar. Türkmen energetika senagaty ýylsaýyn ýokary ösüşlere beslenýär. Elektrik energiýasy halkymyza bökdençsiz ýetirilýär, goňşy ýurtlara eksport edilýär. Berkarar döwletimizde ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin döwrebap şertler döredilýär. Muňa milli baýramlarymyzyň senenamasy boýunça ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär baýramlarynyň yzygiderli bellenip geçilýändigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde Energetika senagatynyň işgärleriniň güni hem ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli pudaklaryny durnukly ösüşlere eýe etmek, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýyl-ýyldan pugtalandyrmak, merdana halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrundaky ähli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Mahbuba Gafurowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
uly mugallymy.