Mo­bil tö­le­gi­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, “Mas­tercard” 17 bank bi­len yla­laş­dy. Soň­ky wagt­da smart­fon­lar ar­ka­ly bö­lek söw­da­nyň ýaýramagy bi­len bu ugur­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny ep-es­li kö­pel­di. Şeý­le bo­lan­soň, ma­li­ýe eda­ra­la­ry hem tö­le­gi aň­sat­lyk bi­len ka­bul edip bol­ýan bu hyz­ma­tyň elekt­ron gör­nü­şi­ni iş­läp düz­dü­ler. “Mas­tercard”-yň hö­dür­le­jek hyz­ma­tyn­dan “Citi”, “Bank of Ame­rica” ýa­ly dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy bank­la­ry­nyň müş­de­ri­le­ri peý­da­la­nyp bi­ler. Müş­de­ri­ler “Mas­tercard”-yň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän söw­da no­kat­la­ryn­da el te­le­fon­la­ry ýa-da “akyl­ly” sa­gat­la­ry ar­ka­ly tö­leg­le­ri­ni ama­la aşy­ryp bi­ler­ler. Tä­ze hyz­ma­ty NFC (ýa­kyn meý­dan gat­na­şy­gy) aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan “And­ro­id” te­le­fon­lar­da hem ula­nyp bo­lar. “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň en­jam­la­ry­nyň app­li­ka­si­ýa­la­ry NFC aý­ra­tyn­ly­gy­na rug­sat ber­me­ýän­li­gi üçin “iP­ho­ne”-lar ar­ka­ly bu hyz­mat­dan peý­da­la­nyp bol­ma­ýar. Şeý­le hem bu kom­pa­ni­ýa­nyň özü­niň aý­ra­tyn tö­leg ul­ga­my bar.
“App­le” we “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­la­ry mo­bil tö­leg usul­la­ry ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Hä­zi­re çen­li “App­le Pay” we “And­ro­id Pay” ýa­ly tö­leg ulga­my tö­leg ka­bul ed­ýän no­kat­la­ryň az­ly­gy se­bäp­li, ýe­ter­lik de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­ýar­dy. “Mas­tercard”-yň şeý­le hyzmaty ýo­la goý­ma­gy bi­len mo­bil tö­leg­den peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň on mil­li­on­lar­ça bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Mo­bil tö­le­gi­ni bank­la­ryň ýo­la goý­ma­gy bi­len, bank­lar öz müş­de­ri­le­ri bi­len has ýa­kyn­dan gat­na­şyk sak­lar. Ýag­ny bank­lar “App­le Pay”, “Sam­sung Pay”, “And­ro­id Pay” we “Pay­Pal” ýa­ly tö­leg ul­gam­la­ry bi­len däl-de, “Mas­tercard”-yň hyz­ma­tyn­dan has köp peý­da­la­nar.
“Mas­tercard” tä­ze tö­leg hyz­ma­ty­ny hä­zir­ki wagt­da in­ter­net söw­da­syn­da giň­den ula­nyl­ýan “Mas­ter­pass” ar­ka­ly hö­dür­lär. “Mas­ter­pass”-yň bu aý­ra­tyn­ly­gyn­dan 77 ýurt­da 5 mil­li­on­dan gow­rak söw­da no­ka­dyn­da peý­da­la­nyl­ýar.
Iýul­da ame­ri­ka­ly müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­len tä­ze hyz­mat ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Ýew­ro­pa, Ýa­kyn Gün­do­gar we Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da-da hö­dür­le­nip baş­la­nar. In­di­ki ýyl bol­sa, Azi­ýa, Awst­ra­li­ýa we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da peý­da bo­lar.