ABŞ-nyň tehnologiýa ägirdi “Intel Corp”, jemgyýetçilik ulaglary üçin amaly programmalary döredýän Ysraýylyň “Moovit” kompaniýasyny satyn almak barada gepleşik geçirýär. Şertnamanyň bahasy 1 milliard dollar bolup biler. “Intel” eýýäm Ysraýylyň bu kompaniýasyna maýa goýujydyr: “Moovit” amerikan korporasiýasyndan, “BMW i Ventures” we “Sequoia Capital”-dan jemi 138 million dollar toplady. “Intel”-iň paýy 30 million dollar. “Moovit”-iň köpçülige niýetlenen mugt hyzmatlar programmasy 102 ýurtda 800 million adam tarapyndan ulanylýar. Bu programma jemgyýetçilik ulaglarynyň iş tertibi barada anyk maglumatlary berýär. Täze şertnama “Intel”-e kämil şekilleri almaga mümkinçilik berer: onda bütin dünýäniň şäherlerinde ulaglaryň üstaşyr hereketleri barada maglumatlar berilýär. Şol bir wagtyň özünde, “Moovit”-iň baş direktory Nir Ereziň belleýşi ýaly, bu programma şäher ýerlerinde ulaglaryň hereketiniň umumy görnüşine gözegçilik etmäge mümkinçilik döreder.