Soňky wagtlarda dünýäniň dürli muzeýleri, galereýalary we taryhy ýadygärlikleri sanly ulgam arkaly öz myhmanlaryny “kabul edip” başlady. Golaýda Londondaky Britan muzeýi gaýybana hödürlenýän eserleriniň sanyny 4,5 milliona ýetirdi. Şeýlelikde, Ýer ýüzüniň dürli medeniýetlerine degişli bolan eserleriň ýokary durulykdaky suraty tölegsiz ýagdaýda internet arkaly hödürlenýär. Köp ýyldan bäri iri şäherleriň köçelerinde gaýybana gezelenç etmäge mümkinçilik döredýän “Google” bolsa, “artsandculture.google.com” saýty arkaly dürli ýurtlardan 500-den gowrak muzeýleri, ybadathanalary, galereýalary görmäge mümkinçilik döretdi. Olaryň arasynda Britan, Luwr, Wan Gog we Watikan muzeýleri bilen bir hatarda Müsürdäki piramidalary, Rimdäki Kollizeý arenasyny we Perudaky Maçu-Piççu ýaly taryhy binalary onlaýn gezelenç üçin elýeterli etdi. Ýeri gelende aýtsak, käbir muzeýler sungaty söýüjilere tölegli we tölegsiz görnüşde okuw maksatnamasyny hem hödürleýär.