Eýfel diňi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli mart aýynyň ortalarynda ýapylandan soňra ilkinji myhmanlaryny 25-nji iýunda kabul edip başlar. Bu barada Fransiýanyň gözel ýerlerine hyzmat etmek bilen meşgullanýan SETE kompaniýasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar. Habarda “Üç aýdan gowrak wagt geçensoň, Eýfel diňi 2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda bu ýere gelýänler üçin täzeden açylar” diýilýär. Eýfel diňi 1889-njy ýylda inžener Gustaw Eýfeliň taslamasy boýunça Pariž sergisi üçin bina edilip, öz döwrüniň iň iri desgalarynyň biri bolupdy. Ilkibaşda diňiň taslamasynyň köplere ýaramanlygy üçin ony 20 ýyl saklap, soňra ýygnamak meýilleşdirilipdir, ýöne şol ýyllaryň içinde ol fransuz paýtagtynyň nyşanyna öwrülipdir.