Ynsan ömri çatryklardan doly. “Saga gitmelimi ýa-da çepe?”. Dogry karar kabul etmek, köplenç biziň mundan buýanky ykbalymyza düýpli täsirini ýetirýär we şonuň üçin käte biz belli bir karara gelmekden çekinýäris. Ýöne, barybir, gutarnykly karara gelmeli bolýar. Diýmek, dogry karara gelmek üçin aýratyn ussatlyga eýe bolmaly. Ol siziň üçin ýeňil ýa-da juda agyr bolup biler. Netijede siz dogry ýoly saýlap, ýeňillik we şatlyk duýmaly. Eger-de şeýle duýgyny başdan geçirmeseňiz, onda gelen netijäňiz dogry däldir.
Hemişe özüňiz belli bir çözgüt tapmaga çalşyň. Ýagdaýlar dürli-dürli, ýönekeý we çylşyrymly bolýar. Käwagt haýsydyr bir çözgüdi tapmak üçin biz näme etjegimizi bilmän kösenýäris. Ýöne ähli zadyň öz-özünden çözülerine ýa-da kimdir biriniň saňa ýardam bererine garaşmagyň geregi ýok. Şeýlelikde, siz öz durmuşyňyza bolan gözegçiligi gowşadýarsyňyz.
Diňe kelläňiziň dury mahaly belli bir karara geliň. Haçan-da, siz haýsydyr bir mesele bilen ýüzbe-ýüz durkaňyz, duýgulara berilmekden daşda duruň. Rahatlanyň, dem-dynjyňyzy alyň, böwrüňizi diňläň – bu dogry çözgüt tapmagyň ýolunda ýeke-täk ygtybarly ýoldur.
Karara geleniňizden soň, herekete girişip, ony durmuşa geçirmäge tagalla etmeli. Orta ýolda pikiriňizi üýtgetmäň. Gutarnykly karara geleniňizden soňra ähli şübhäňizi bir tarapa aýryň. Islendik maksat belli bir derejedäki wagty we güýji talap edýär. Eger-de gelen kararyňyz hemişe üýtgäp duran bolsa, onda garynjalaryň gaýda-gaýmalaşygyna çalym eder. Şeýlelikde, siziň kararyňyz hiç hili netije bermez we şowsuzlyga uçrarsyňyz: diýmek, siz dogry karara gelip başarmansyňyz.
Karara geleniňizden soň, gynanmaň. Beýleki mümkinçilikleriňizi aradan aýryň we ýeke-täk öz kararyňyza ünsüňizi gönükdiriň. Dogry karara gelmegiň ýolunda, şek-şübheler hem bolup biler. Diýmek, gynanmaýan bolsaňyz, dogry ýoluň saýlanyp alnanlygydyr.
Käbir adamlar bolup biläýjek birnäçe mümkinçilikleriň birinde saklanyp, her niçikde bolsa, şübhelenýärler. Siziň dogry ýa-da nädogry edendigiňizi öňünden bilip bolmaýar. Iň oňaýsyz kararlaryň adamyň peýdasyna çözülýän ýa-da tersine bolýan halatlary-da bar. Dogry karara gelmekde şahsy jogäpkärligi öz üstüňize alýandygyňyzy unutmaň. Köp ýollaryň çatrygynda diňe bir ýoldan gitmeli diýen karara gelip, ähli şübheleri aradan aýryň. Çünki seniň saýlap alan ýoluň durmuşyň beýleki ýollaryndan iň gowusy bolup biler.