Ame­ri­ka­nyň mil­li bas­ket­bol as­so­sia­si­ýa­syn­da (NBA) ada­ty möw­süm ta­mam­la­nyp, to­par­lar pleý-off du­şu­şyk­la­ry­na baş­la­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da to­parlar eý­ýäm 2 du­şu­şyk ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on “Gol­den Steýt” “Hýus­ton Ro­ket­si”, “At­lan­ta Hawks” “Bos­ton Sel­tik­si”, “Ma­ýa­mi Hit” “Çar­lot­te Hornetsi”, “Los An­je­les Klip­pers” “Port­land Treýl Bleý­zer­si”, “San An­to­nio Spars” bol­sa, “Mem­fis Grizz­lie­si” 2 oýun­da-da ut­dy. “To­ron­to Rep­tors” bi­len “In­dia­na Peý­sers” hem-de “Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­der” bi­le­nem “Dal­las Ma­we­rik­siň” ara­syn­da oý­na­lan oýun­lar­da-da umu­my ha­sap 1–1. 4 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par ýa­ry­şy do­wam et­di­rer.
* * *
Soň­ky çem­pi­on “Gol­den Steýt War­riors” ge­çen hep­dä­niň do­wa­myn­da ada­ty möw­süm­de iň köp ýe­ňiş ga­zan­mak­da tä­ze re­kor­dyň eýe­si bol­dy. To­par 82 oýun­lyk ada­ty möw­süm­iň 73 du­şu­şygyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, “Çi­ka­go Bull­suň” re­kor­dy­ny tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. “Çi­ka­go Bulls” to­pa­ry Maýkl Jor­don­ly döw­rün­de, has ta­ky­gy, 1995/96 möw­sü­min­de 72 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp, bu ugur­da re­kord goýup­dy. 20 ýyl soň tä­ze­le­nen bu re­kord ta­ry­hy wa­ka hök­mün­de bel­lenil­di. “Gol­den Steýt War­riors” topary soň­ky du­şu­şy­gyn­da “Mem­fis Grizz­lie­si” 125–104 ha­sa­byn­da ýe­ňip, bu re­kor­da ýet­di. Şol du­şu­şyk­da 10 ge­zek 3 utuk ge­çi­ren Kör­ri 1 möw­süm­de 400-den köp 3 utuk ga­za­nan il­kin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy. Ol ge­çen möw­süm­de 286 ge­zek 3 utuk ge­çi­rip­di we re­kord go­ýup­dy.
* * *
NBA-da ada­ty möw­süm­de ýy­lyň go­rag­çy­sy diý­lip, bu ge­ze­gem “San An­to­nio Spars” klubu­nyň oýun­çy­sy Kaw­hi Leo­nard saý­lan­dy. To­pa­ry­nyň 67 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp, öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­me­gi­ne uly go­şant go­şan Leo­nard oý­nan 72 du­şu­şy­gyn­da or­ta­ça 21,2 utuk ge­çir­di. “San An­to­nio” to­pa­ry ta­mam­la­nan ada­ty möw­süm­de or­ta­ça al­nan­da, iň az utuk ge­çir­den klub bol­dy. Bas­syr 2-nji ýo­la ýy­lyň go­rag­çy­sy saý­la­nan Leo­nard bu ugur­da Dreý­mond Grin­den (“Gol­den Steýt War­riors”) we Ha­san Waýt­saýd­dan (“Ma­ýa­mi Hit”) ta­pa­wut­lan­dy.
* * *
Gün­ba­tar zo­la­gy­nyň to­par­la­ryn­dan “Los An­je­les Klip­per­siň” bas­ket­bol­çy­sy Ja­mal Kraw­ford ýy­lyň 6-njy oýun­çy­sy diý­lip saý­lan­dy. 36 ýaş­ly oýun­çy 2010-njy we 2014-nji ýyl­lar­dan soň, 3-nji ge­zek bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di. Ol oý­nan 79 du­şu­şy­gy­nyň 74-in­de oý­na soň­dan go­şu­lyp, or­ta­ça 14,2 utuk­lyk ne­ti­je gör­kez­di. Sport žur­na­list­le­ri­niň ses ber­me­gi esa­syn­da yg­lan edil­ýän bu baý­rak­da Kraw­ford “Gol­den Steýt War­ri­or­syň” bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy­sy And­re Igo­da­la­ny hem-de “Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­de­riň” tür­ki­ýe­li bas­ket­bol­çy­sy Enes Kan­te­ri yz­da gal­dyr­dy.
* * *
Ada­ty möw­sü­miň ahyr­ky gü­ni su­per ýyl­dyz Ko­bi Bra­ýan­tyň pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na soň­ky no­ka­dy go­ýan gü­ni bol­dy. 37 ýaş­ly Bra­ýant 20 ýyl­lyk NBA kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­dy. Ol şol gün “Ýu­ta Jazz” bi­len bo­lan oýun­da 60 utuk ga­zan­dy. 20 ýy­ly bir klub­da – “Los An­je­les Leý­kers­de” ge­çi­ren Ko­bi 4 ge­zek NBA-nyň çem­pio­ny bol­dy. Ol 18 sa­par “All-Star” şü­we­le­ňi­ne saý­lan­dy.