Häzirki wagtda tutuş dünýäde nebitiň bahasynyň durnukly ýagdaýa getirilmegi ugrunda iş alnyp barylýar. Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) nebitiň dünýä bazaryndaky bahasyny belli bir derejä ýetirmek üçin onuň önümçiligi bilen baglanyşykly gurama agza döwletler bilen gepleşikleri dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllarda esasy ýangyç serişdeleriniň biri hasaplanýan nebitiň bahasy birneme pese gaçypdy. Häzir onuň bir barreliniň bahasy 54-56 dollar aralygynda üýtgäp durýar.
– Ýöne dünýäde nebite isleg barha artýar. Öňümizdäki 25 ýylyň dowamynda tutuş dünýäde nebite bolan artyp barýan islegi kanagatlandyrmak üçin 25 trillion dollar möçberinde maýa goýum özleşdirmek göz öňünde tutulmalydyr – diýip, Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” kompaniýasynyň baş müdiri Amin Nasser Dawos şäherinde geçirilen Bütindünýä ykdysady forumda eden çykyşynda belläp geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, öňümizdäki onýyllykda nebite we tebigy gaza isleg barha artar. Şeýlelikde, ýangyç serişdelerine islegi kanagatlandyrmak üçin maýa goýum serişdelerini özleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar.
2017-nji ýylda gözleg işleri we senagat taýdan özleşdirmek üçin 450 milliard dollar maýa goýum goýlar, ol hem bu ugurdaky 3 göterimlik ösüş depginine eýe bolar.
Şeýle hem arap kompaniýasynyň ýolbaşçysy öňümizdäki ýyllarda alternatiw energiýa çeşmeleriniň hem energiýa bazarynyň belli bir möçberini eýelejekdigini mälim etdi. Ýöne gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri esasy energiýa çeşmeleriniň ornuny tutup bilmez.
Saud Arabystany häzirki wagtda nebit önümçiligini bir gije-gündizde 12,5 million barrel möçberinde öndürýär. Patyşalyk öňümizdäki onýyllykda bu görkezijini 2 esse artdyryp, nebit bazaryndaky ornuny has-da berkitmegi göz öňünde tutýar.