Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
– Kitap hemişe adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän baýlyk, durmuşyň aýnasy, taryhyň beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanypdyr. Türkmen halky milli gymmatlyklarymyza, esasan hem ynsanyň içki dünýäsini özgerdiji güýç hasap edilýän kitaba uly hormat goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ünsüni özüne çekýän ajaýyp ýurda öwrülýär. Haýsy ulgama ser salsaňam, Türkmenistan dünýä derejesinde iň bir öňdebaryjy ýurt hökmünde özüni görkezýär. Şeýle ugurlaryň biri-de neşirýat ulgamydyr. Bu ulgamda gazanylýan üstünlikleriň sergisini guramak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçirildi. Bu forumy Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata dünýäniň 20 ýurdunyň çaphana senagatynyň, işewür we edebiýat toparlarynyň wekilleriniň 150-si gatnaşdy.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Fransiýadan, Koreýadan, Polşadan, Eýrandan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryndan 100-e golaý neşirýat öýleriniň we poligrafiýa kärhanalarynyň, enjamlary öndüriji kompaniýalaryň, söwda firmalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň bähbitlerine wekilçilik edýän ýolbaşçylar, esasy hünärmenler — işläp taýýarlaýjylar, seljerijiler, menejerler bar.
Forumyň dabaraly açylyşyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Sergi merkezinde ýerleşdirilen diwarlyklarda dürli ýurtlaryň kitaplary we neşir önümleri bu ýere gelenleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Şeýle hem myhmanlar serginiň çäklerinde ýerleşdirilen milli Liderimiziň galamynyň astyndan çykan eserlere aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomluk neşir, “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly oňat bezelen kitap hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe bolan milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” we “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitaplary bar.
Milli Liderimiz öz Gutlagynda “Barha ösýän döwür neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Çeper bezelen, ýokary hilli, çuň many-mazmunly ajaýyp eserleri we beýleki neşir önümlerini çap etmek, syýasatda, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolup geçýän täzelikleri, dünýä habarlaryny halk köpçüligine takyk we öz wagtynda ýetirmek bu ulgamda zähmet çekýänleriň esasy borjudyr” diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu aýdanlaryndan ruhlanyp zähmet çekýän “Zaman-Türkmenistan” hojalyk jemgyýetiniň “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň döredijilik topary hem halkara sergide öz diwarlygyny ýerleşdirdi. Döredijilik toparymyz gazet sahypalarynda milli Liderimiziň ýurdumyzyň halk hojalygyny ösdürmek babatda alyp barýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna, syýasatda, ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda gazanylýan üstünliklere degişli makalalary çap edip, okyjylar köpçüligine ýetirýär. Mundan başga-da gazetimiziň sahypalarynda dünýä täzelikleri, medeniýetde, sportda, ykdysadyýetde dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän gyzykly habarlary öz wagtynda okyjylara ýetirmek üçin yhlasly zähmet çekilýär. Serginiň çäklerinde gazetimiziň diwarlygyna uly gyzyklanma döredi. Dürli pudaklaryň işgärleri bilen bir hatarda talyp ýaşlar hem gazetimiziň dürli döwürlerde çykan sanlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
“Zaman–Türkmenistan”.