Ek­wa­do­ryň tä­ze Baş­tu­ta­ny­nyň kim­di­gi saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça mä­lim edi­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň Mil­li saý­law ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Hu­an Pa­lo Po­so met­bu­gat ýyg­na­gyn­da ha­bar ber­di.
Ýurt­da Pre­zi­dent hem-de par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, bi­rin­ji tap­gyr­da ýur­dy do­lan­dyr­ýan “PA­IS Al­ýan­sy” to­pa­ry­nyň da­laş­gä­ri Le­nin Mo­re­no saý­law­çy­la­ryň 95,4 gö­te­ri­mi­niň se­si­niň 39,22 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. Onuň ýa­kyn bäs­de­şi “KREO-SU­MA” he­re­ke­ti­niň da­laş­gä­ri Gil­ýer­mo Las­so bol­sa, ses­le­riň 28,34 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. Şo­nuň üçin bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ňi­ji­ni kes­git­läp bol­man­soň, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­ny ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Saý­la­nan Pre­zi­den­tiň şu ýy­lyň 24-nji ma­ýyn­da we­zi­pe­si­ne gi­riş­jek­di­gi mä­lim edil­di. Ek­wa­dor­da 10 ýyl­dan bä­ri Ra­fa­el Kor­rea döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­sin­i ýerine ýetirýär.