Aýralyk
Mejnun Leýliden aýralygy sebäpli syrkawlaýar, lukman ondan gan almaly diýen karara gelýär. Haçan-da, lukman onuň eline işilen boguluk goýup, damaryna iňňe dürtjek bolanda, Mejnun onuň hyzmatyndan ýüz öwürýär.
Lukman juda geňirgenip, şeýle diýen:
– Sen çölde gezip ýörkäň ýolbarsdan, beýleki ýyrtyjylardan heder etmediň, indi gel-gel iňňeden gorkýaňmy?
– Agyry maňa gorkuly däl! Men islendik yza döz gelip biljek, ýöne meniň bütin durkum Leýlä bolan söýgi bilen püre-pür doldurylan. Häzir men Leýliden uzakda, ikimizem aýralykdan ejir çeksegem, biziň aramyzda barybir hiç hili çäk ýok. Sen meniň damarymy deşeniňde, mähribanymy ýaralarsyň öýdüp gorkýaryn, çünki biz aýra bolsagam, ruhumyz birdir – diýip, jogap berýär.
Mejnun we it
Bir gezek Mejnunyň bir ite mähir bilen ideg edýändigini görüpdirler. Ol iti sypalapdyr, oňa dürli nygmatlar berip, gül suwy bilen ýuwupdyr. Bu ýagdaýy synlap ýörenleriň biri Mejnuna şeýle diýýär:
– Seň bolşuň nähili? Eýsem, Hudaýyň ýaradan bendesiniň ygyp ýören hapa itiň öňünde peselmegi bolýan zatmydyr?
Ol şeýle diýip, ýene-de ähli it tohumyna nälet okapdyr. Mejnun onuň sözüni ahyryna çenli diňläp:
– Gadyrdan eger-de, sen dünýä meniň gözüm bilen seredip görsediň, meniň Leýlimiň köçesinde ýaşaýan bu ite başgaça göz bilen garardyň. Şonda maňa onuň ýaşaýan ýeriniň tozanynyň hem dünýäniň bar zadyndan arzylydygyna düşünerdiň, men bu itiň penjesindäki şol çaňy öpmäge taýyn – diýip, hormat bilen jogap beripdir.
TÜÇJAR we Leýli
Tüçjar baýa bir gyzy görkezip, onuň Leýlidigini aýdanlarynda, ol şeýle diýipdir:
– Aý, ýog-a, sen şol diýilýän Leýlimi, eýsem, betbagt Kaýsy näme akylyndan azaşdyrdyka? Men-ä sende hiç hili üýtgeşik gözellik göremok!
Juwan gyz oňa garap şeýle diýýär:
– Meniň gözelligimi görmek üçin sen diňe Mejnun bolmaly. Sen maňa onuň gözi bilen seretmeli, maňa o dünýä, bu dünýä wepaly bolmaly. Meniň bir bakyşymdan serhoş bolmaly, şirin serhoşlukdan aýňalmak islemeli däl. Şeýle telbelik siziň gözüňizi açýar, hakyky gözelligi dolulygy bilen görmäge size mümkinçilik berýär. Eger-de, seniň bar gaýgy-aladaň özüňe geljek peýdanyň ýa-da zyýanyň daşyndan aýlanyp duran bolsa, onda saňa nebsim agyrýar. Çünki sen hakyky bagtyň nämedigine akyl ýetirip bileňok. Sen durmuşyň diňe saýasyny görýärsiň!
Şeýlelikde, biz käwagtlar ömrümizi diňe saýalaryň we alamatlaryň yzynda geçirip, Hakykaty we Gözelligi görmeýäris.
Gämidäki jedel
Gämileriň birine ýolagçy hökmünde dilçi alymam münýär. Alym heniz gämä münüp-münmänkä, kapitandan dil biliminden başynyň çykyp-çykmaýanlygyny soraýar.
– Dil bilimi baradaky kitaplary okamadym, bu ylmyň syrlaryndan hem başym çykanok – diýip kapitan jogap berýär.
– Gowy däl – diýip, alym aýdýar.
– Siz ömrüňiziň deň ýaryny boş geçirdim diýip, hasap edäýiň.
Gämi ýüzüşini dowam etdirýär, birdenem apy-tupana sezewar bolýar.
– Görýän welin, gämimiziň ömri paýawlady – diýip kapitan janygypdyr.
– Eýsem, siz ýüzmegi öwrenipdiňizmi, eý paýhasly adam?
– Hiç haçan. Çünki bu hünär maňa laýyk däl – diýip, alym jogap beripdir.
– Onda sen ömrüň ýaryny däl-de, baryny boş geçirdim diýip hasap edäý – diýip, kapitan sözüni jemläpdir.
Gurbaga we syçan
Bir ýola gurbaganyň öz ýaşaýan kölüniň kenarynda gezim edip ýören syçana gözi düşýär. Syçan hem gurbaga seredýär. Şeýlelikde, olar bir-birini gowy görüp dost bolýarlar. Ýöne olaryň biri gury ýerde ýaşapdyr, beýlekisem suwda. Olar wagtlaryny köplenç bilelikde geçiripdirler: syçan kenarda oturyp, ony çagyrypdyr, gurbaga hem oňa tarap ýüzüp baryp, begenjine warkyldapdyr. Emma bu dostlukdan syçanyň göwni suw içmändir. Ol hemişe gurbaga bilen bile bolmak, onuň näme bilen meşgul bolýandygyny bilmek isläpdir. Çünki syçan kenara gelip, ony çagyranda, gurbaga şol wagt kölüň uzak ýerinde bolany üçin, onuň sesini eşitmändir. Syçan ony gözlemek üçin suwa girip, ýüzüp bilmändir. Şonuň üçin ol bir gezek şeýle teklip edipdir:
– Gel, uzyn ýüp tapaly-da, ony bir-birimiziň aýagymyza daňaly. Şeýtsek, biz islendik wagt bir-birimizden habarly bolarys.
Bu pikir gurbagany üşerdipdir. Ol munuň gowulyk bilen gutarmajagyny syzypdyr, ýöne olar ylalaşypdyrlar. Başda ähli zat ugruna bolupdyr, olar hemişe özlerini bile duýupdyrlar. Ýöne bir gezek depesinden uçup barýan alaja garga olaryň bar rahatlygyny bozupdyr. Ol kölüň gyrasyndaky syçany görüp, dikaşaklygyna gaýdyp, ony penjesine garbap alyp, ýokary göterilipdir. Syçan bilen birlikde, oňa daňlan gurbaga-da asmana göterilipdir. Bu ahwalaty synlan halaýyk, guşlaram gurbaga awlap başlandyr öýdüp, geň galypdyr. Dik asmana galan gurbaga pikirlenmän, özüni syçana baglamaga razylyk berenligi üçin juda perişan bolupdyr.
Bu hekaýatda özüňe mynasyp dost gözlemelidigi öňe sürülýär.
Goýun, öküz we düýe
Goýun, öküz we düýe ýolda barýarkalar, bir desse bede tapypdyrlar-da, ony nädip paýlaşmalydygy barada pikire çümüpdirler. Goýun bu meselede öz teklibini hödürläpdir:
– Eger-de biz bu bedäni üçe bölsek, hiç kim doýmaz. Şoňa görä, geliň, ony kim gelip çykyşyna görä, ýaşy uly bolsa, şoňa bereliň! Çünki ata-babalarymyzam ululary sylamalydygyny aýdypdyrlar ahyryn. Şonuň üçin, geliň, her birimiz gelip çykyşymyza görä, ýaşymyzy ýadymyza salalyň, kimiň köküniň gadymyýete uzaýandygyny anyklalyň!
Hiç kim närazylygyny bildirmänligi üçin goýun gürrüňini dowam etdiripdir:
– Meniň gelip çykyşymyň has gadymydygyny ykrar ediň. Çünki siz meniň ata-babalarymyň Hudaýyň Ybraýym pygambere Ysmaýyla derek gurban etmäge ugradan goçunyň neslindendiginden habaryňyz bardyr.
– Ýok, gelip çykyşym boýunça men has uly – diýip, öküz aýdypdyr.
– Men Adam atanyň hut özüniň boýuntyryk geýdirip, ýer süren öküziniň nesli – diýip, ol seslenipdir.
Goýun bilen öküziň jedeliniň gyzyp başlan wagty düýe dawaly bedäni alyp, ony arkaýyn gäwüşemäge başlapdyr hemem özüniň ol ikisindenem ýaşynyň has uludygy barada oýa batypdyr. “Ähli zady ýyllar däl-de, güýç we göwre çözýär ahyryn” diýip, bedäni iýip bolandan soňra, ol öz ýanyndan magtanypdyr.
Daýhan we ýolbars
Bir daýhan özüniň ähli işlerini tamamlap, öküzini ýatagyna salyp, gulplap goýupdyr. Gije oba ýolbars gelip, ýatagyň içine böküp, öküzi iýipdir. Ol gärk-gäbä doýup, soňam öküziň ýatan ýerinde ymyzganypdyr. Daýhan gijäniň gylla ýarynda bir zat ýadyna düşen ýaly, ýerinden laňňa galypdyr-da, hojalygyndaky ähli zatlaryň ýerbe-ýerdigini anyklamak üçin ýataga girýär.
Ol garaňkylykda ýolbarsy öküzidir öýdüp, onuň ýagyrnysyny sypalamaga durýar. Ýolbars daýhany ynandyrmaly diýen karara gelýär-de, ümsüm ýatyp, öz ýanyndan şeýle diýipdir: “Eý, goja, şükür et, bu ýer garaňky, ýogsam, seniň, gorkudan ýaňa zähräň ýarylardy!”.
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.