Gadyrly çagalar! Ata Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim, terbiýe almagy ugrunda bilim ojaklarynda tehnologiýanyň iň kämil tilsimatlary giňden ulanylýar. Olaryň uzak wagtlap peýdalanylmagy saklanyş ýagdaýyna bagly bolýar. Biz durmuşymyzda giňden ulanýan noutbuklarymyzyň ulanyş möhleti barada nämeleri bilýäris? Olaryň batareýasyny zarýaddan doldurmak üçin onyň doly gutarmagyna garaşýaňyzmy, ýogsa, dowamly elektrige birikdirip goýýaňyzmy?
Noutbukda, jübi telefonlarynda, planşetlerde ulanylýan batareýalaryň aglabasy litiý ion (Lithium-ion) tehnologiýasyna degişlidir.
Litiý ion batareýasynyň ulanyş möhleti näçe? Bu önüm nähili peýdalanylsa-da, mysal üçin diňe batareýa ulanylsa, ýa-da toga dowamly birikdirilen bolsa-da, gün geçdigiçe ulanylyş möhleti azalýar. Hatda hiç ulanylmasa hem ömri azalýar. Çünki bularyň belli bir işlediliş möhleti bar. Emma uzak ulanmak ýene-de siziň eliňizde.
Nädip uzak ulanyp bolar?
Gyzgynlyk batareýanyň ömrüni gysgaldýar. Noutbuklar işledildigiçe olaryň gyzgynlygy artýar. Uly programmalar işe goýberilende, ol has-da artýar. Munuň üçin noutbugy sowadyjy enjamlary ulanmaly. Bu enjam noutbugyň astyna goýulýan wintelýatordan ybaratdyr. Mümkin boldugyça kompýuteri salkyn howaly ýerlerde işletmeli. Bu ýerde maksat ýylylygy peseltmekdir.
Egre-de noutbugy uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, onuň batareýasyny 100% dolulygyna goýmaly däl. Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, onuň bolmalysy 40–50% dolulykdyr.
Noutbugy köp wagt ulanmak islemeseňiz, enjamy suw we howa geçirmeýän plastik gapda sowadyjyda saklamaly. Ýöne onuň doňduryjysyna salmaly däl. Bu usul batareýanyň ulanyş möhletini uzaldýar.
Şeýle hem batareýanyň güýjüni soňuna çenli gutarmak dogry usul däl. Noutbugy her gün ulanýan bolsaňyz, iň gowusy ony elektrige yzygiderli birikdirip ulanyň. Batareýanyň güýjüni soňuna çenli ulanmak ýa-da köp dolduryp boşatmak, onuň ulanyş möhletini kemeldýär. Şonuň üçinem gysga möhletli dolduryşlary (80%, 90%, 100%) ulanmak has peýdaly. Ýöne her gün ulanmasaňyz, onda noutbugyňyzy tokdan aýryp goýuň!