2016-njy ýyl boýunça noutbuk bazarynyň öňdebaryjylary kesgitlendi. “TrendForce” kompaniýasynyň bilermenleri şu ýylyň alty aýy boýunça geçiren seljermeleriniň netijesini çap etdi. Şoňa görä-de, bu ugurda öňdeligi Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy eýeleýär. Hasabat döwründe tutuş dünýäde 74 million ýanyň bilen göterilýän kompýuter satyldy. “Lenovo”-nyň bu ugurdaky görkezijisi 16 million noutbuga deňdir. Ol dünýä bazaryndaky satylan kompýuterleriň 21,8 göterimini eýeledi. Bu ugurda ikinji orun “HP” kompaniýasyna degişli bolup, onuň bazar paýy 21,3 göterime barabardyr. Üçünji orundaky “Dell”-iň bazar paýy 15,3 göterime golaýlady. Soňraky orunlary “Asus” bilen “Apple” eýeledi.