Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň 2016-njy ýyl­da­ky oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň eks­por­ty 4 gö­te­rim ar­typ, 17 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Bu ba­ra­da oba ho­ja­lyk mi­nist­ri Ýew­ge­niý Gro­my­ko ha­bar ber­di.
– Ge­çen ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça oba ho­ja­ly­gyn­da­ky ösüş dep­gi­ni 4 gö­te­rim, bu pu­dak­da­ky önüm­le­riň eks­por­ty 4 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. 17 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri da­şa­ry ýurt ba­za­ryn­da ýer­len­di – di­ýip, mi­nistr azyk önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ser­gi­de eden çy­ky­şyn­da bel­läp geç­di.
Şeý­le hem ol 2016 – 2017-nji oba ho­ja­lyk ýy­ly bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň dä­ne­li ekin­le­ri­niň eks­por­tu­nyň 37 mil­li­on ton­na­dan gow­rak bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.