Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagy bilen bagly alyp barýan agrar syýasatynyň netijesinde agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynyň önümçilik infrastrukturasynyň tehniki taýdan doly enjamlaşdyrylmagyna, mineral dökünleri bilen üpjün edýän himiýa pudagynyň ösdürilmegine, şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna hem-de suw üpjünçiligi meseleleriniň oňyn çözülmegine uly goldaw berilýär. Agrosenagat toplumyna gerek bolan döwrebap kombaýnlar we traktorlar ýurdumyzyň her bir sebitiniň toprak-howa şertlerine laýyklykda, deslapky synaglary geçirmek bilen satyn alynýar. Kärendeçilere gowaçany, bugdaýy, şalyny we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde döwlet tarapyndan ýeňillikler berilýär.
Obasenagat toplumynda zähmetkeşleriň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ösdürilip ýetişdirilen önümleri zaýa etmän ýygnap, halkyň hyzmatyna gönükdirmek netijesinde ýokary görkezijileri gazanmakdan ybaratdyr.
Ähli pudaklarda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda hem hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýokary netijeleri gazanmak ugrunda irginsiz aladalar edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gyzgalaňly oba hojalyk möwsümi dowam edýär. Ähli ýerlerde gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Şol bir wagtda ýetişip gelýän bugdaý hasylyny hem ýygnamak ugrunda degişli işler ýola goýulýar. Munuň üçin döwrebap tehnikalar oraga taýýar edilýär. Meýdanlardan ýygnaljak däneleriň isripsiz daşalmagy üçin degişli ulaglaryň taýýar edilmegi ugrunda işler alnyp barylýar.
Şeýle hem bugdaý oragyndan soňra oba zähmetkeşlerine ýene bir gyzgalaňly möwsüm garaşýar. Ol hem şaly öndürmek bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda şalynyň bol hasyly ýetişdirilýär. Şonuň üçin milli Liderimiz golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda şaly öndürmek baradaky Karara gol çekdi. Şoňa görä-de, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekilip, 82 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna hem-de Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumy hil taýdan täze sepgitlere çykýar. Munuň özi bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny has-da berkitmek, obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hasabyna halkymyza dürli görnüşli azyk önümlerini hödürlemek işleri ýokary depgine eýe boldy.
Bu pudagyň ýurdumyzyň halkynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy hem-de senagat düzüminiň has-da ösdürilmegi babatdaky goşantlary uludyr. Bilşimiz ýaly, meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän önümler ýurdumyzyň ilatyny azyk harytlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem käbir oba hojalyk ekinleri, mysal üçin pagta senagat kärhanalarymyz üçin hem gymmatly çig mal bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş maksatlarynyň biri hem oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin oba hojalyk pudagyny ösdürmek esasy mesele bolmagynda galýar. Bu babatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli Maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilendir.
Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin täze suw howdanlaryny gurmak we bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek, şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Geçirilýän işleriň çäklerinde täze suw howdanlarynyň taslama we gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär. Munuň özi hem ekin meýdanlary üçin möhüm bolan suw üpjünçiliginiň ýeterlik bolmagyna oňaýly şert döreder.
Ogulniýaz BABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.