Emin agzalary ýeňil bolmadyk meseläni çözmeli bolarlar. Russiýalylar özünde haýsydyr bir täsir galdyran hytaý nusgawy ýazyjylarynyň iň möhüm 10 kitabyny anyklamaly bolarlar. Şeýle wezipe, öz gezeginde, Hytaý tarapynyň hem öňünde keserip dur. Şunuň ýaly taslama žurnalistler tarapyndan ýola goýuldy: Russiýadan habarlar agentligi TASS, Hytaý tarapyndan bolsa, täsirli gazet “Guanmin žibao” başyny başlaýjy bolup, çykyş etdiler. Ýöne emin agzalygyna diňe bir žurnalistler däl, eýsem, iki ýurduň ilçileri, nusgawy ýazyjylaryň agtyklary: medeniýet boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Wladimir Tolstoý, şeýle hem Hytaý nusgawy ýazyjysy Lu Siniň mirasdüşeri Çžow Linfeý dagy girdi.
Ilkinji maslahatyň barşynda emin agzalary bolup bilmegi mümkin bolan dalaşgärler barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň belli ýazyjylarynyň atlary agzalyp geçildi. Hytaýlylar Dostoýewskiniň, Tolstoýyň, Çehowyň, Şolohowyň, Fadeýewiň, Gorkiniň we beýleki ýazyjylaryň atlaryny unutman ekenler. Bu taslamanyň netijeleri bolsa, eýýäm şu ýylyň güýzünde Moskwada mälim ediler.