Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň her bir ra­ýa­ty­nyň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy ug­run­da uly ala­da­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 2017-nji ýy­l­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk iş­le­ri gow­şa­ma­ýan dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Özem bu taý­ýar­lyk iş­le­ri köp ugur­ly hä­si­ýe­te eýe­dir. Mu­ňa gö­zel paý­tag­ty­myz­da oýun­la­ryň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan Olimpiýa şä­her­çe­sin­de gu­rul­ýan des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­laý­jy tapgyra ga­dam ba­san­dy­gy-da do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. In­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri bel­li “Po­li­meks” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýüz gek­tar gi­ňiş­lik­de alyp bar­ýan gur­lu­şyk­la­ry­nyň en­çe­me­si – 450 orun­lyk ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­ha­na, sag­lyk mer­ke­zi, jem­gy­ýet­çi­lik-me­de­ni mer­ke­zi, işe­wür­lik mer­ke­zi, 6 müň orun­lyk ýa­pyk we­lot­rek, 5 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen ýe­ňil at­le­ti­ka top­lu­my ula­nyl­ma­ga be­ril­di.
Se­bit­de iň iri sport des­ga­la­ry bo­lan bu şä­her­çe­de 45 müň to­ma­şa­çy orun­lyk sta­dio­nyň, 15 müň orun­lyk spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin ýa­pyk top­lu­myň, 5 müň orun­lyk ýa­pyk suw how­da­ny­nyň, 4 müň orun­lyk ten­nis meý­dan­ça­sy­nyň, gö­reş, agyr at­le­ti­ka, taek­won­do, dzýu­do, boks bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin ki­çi kö­pu­gur­ly top­lu­myň gur­lu­şy­gyn­da we beý­le­ki des­ga­lar­da iň soň­ky taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy go­laý wagt­lar­da bu sport des­ga­la­ryn­da V Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak il­deş­le­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik­le­re baş­la­jak­dyk­la­ryn­dan ha­bar ber­ýär. Äh­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, eda­ra, dur­muş äh­mi­ýet­li bi­na­la­ry­nyň, kö­çe­le­riň, se­ýil­gäh­le­riň keşp­le­ri­niň re­je­le­nip, tä­ze gör­nü­şe ge­ti­ril­ýän­li­gi, ýe­ras­ty-ýe­rüs­ti ge­çel­ge­le­riň en­çe­me­si­niň gu­rul­ýan­dy­gy, ýol-ýo­da­la­ryň gy­ra­la­ryn­da owa­dan keşp­li na­hal­la­ryň otur­dyl­ýan­dy­gy, dür­li gül­le­riň ekil­ýän­di­gi… ýe­ne-de san­ly­ja aý­dan gö­zel paý­tag­ty­my­zyň V Azia­da oýun­la­ra gatnaşjak tür­gen­le­ri, myh­man­la­ry, sy­ýa­hat­çy­la­ry ka­bul et­mä­ge do­ly taý­ýar bol­jak­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Bu ge­zek­ki ge­çi­ril­jek Azi­ýa oýun­la­ry­nyň öň­kü­le­re (2005-nji ýyl­da Tai­land­da ge­çi­ri­len 1-nji, 2007-nji ýyl­da Ma­kao­da ge­çi­ri­len 2-nji, 2009-njy ýyl­da Wýet­nam­da ge­çi­ri­len 3-nji, 2013-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len 4-nji oýun­la­ra) ga­ra­nyň­da, has ta­pa­wut­ly­dy­gy­ny hem aý­ra­tyn nyg­ta­ma­gy­myz ge­rek. Il­ki bi­len-ä, 2013-nji ýyl­da­ky ýa­ryş­dan soň bu oýun­la­ry her 4 ýyl­dan bir ge­zek ge­çir­mek­lik ka­rar edil­di. Ga­ly­ber­se-de, bu ge­zek­ki ge­çi­ril­jek ýa­ryş­la­ra ozal gat­na­şan ýurt­lar­dan baş­ga-da Okea­ni­ýa­nyň 17 döw­le­ti­niň we­kil­le­ri gat­na­şyp, spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şer­ler. Des­lap­ky ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, bu ýa­ry­şa Azi­ýa we Okea­ni­ýa ýurt­la­ryn­dan müňlerçe tür­ge­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Diý­mek, in­di­ki no­bat bu uly ýa­ry­şa spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça gat­naş­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýän tür­gen­le­ri­mi­ziň­ki, ola­ra tä­lim­çi­lik ed­ýän ha­ly­pa­la­ry­my­zyň­ky, sport ýol­baş­çy­la­ry­my­zyň­ky di­ýäý­mek gal­ýar. Sport sö­ýü­ji­le­ri­mi­ziň bu ýa­ry­şa gat­naş­ýan tür­gen­le­ri­mi­ziň di­ňe il­kin­ji orun­la­ry eýe­le­jek­dik­le­ri­ne bil bag­la­ýan­dyk­la­ry­nam aýt­ma­gy­myz ge­rek. Çün­ki, soň­ky ýyl­lar­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da spor­ty dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek üçin iň­ňän köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Ýüz­ler­çe sport mek­dep­le­ri açyl­dy, sta­di­on­lar, top­lum­lar, des­ga­lar, aý­law­lar gu­rul­dy. Olar hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil en­jam­la­ry bi­len do­ly en­jam­laş­dy­ryl­dy. Ne­ti­je­de, ýur­du­myz­da sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak giň ge­ri­me eýe bol­dy. Bu aý­dan­la­ry­my­za di­ňe şu ýy­lyň bäş aýy­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da içer­ki ýa­ryş­la­ryň 110-sy­nyň, sport çä­re­le­ri­niň 66-sy­nyň gu­ra­lan­dy­gy-da anyk şa­ýat­lyk ed­ýär.
Eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ata­lyk ala­da­la­ry­na tür­gen­le­ri­mi­ziň, sport tä­lim­çi­le­ri­mi­ziň soň­ky wagt­lar­da ta­kyk ne­ti­je­ler bi­len jo­gap be­rip baş­lan­dyk­la­ry­nam ha­ky­ka­tyň ha­ty­ra­sy­na aýt­ma­gy­myz ge­rek. Di­ňe şu ýy­lyň bäş aýyn­da tür­gen­le­ri­miz hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň 72-si­ne gat­na­şyp, 219 me­dal (74 al­tyn, 68 kü­müş, 77 bü­rünç) ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar.
Şu ýy­lyň maý aýy­nyň soň­ky on­gün­lü­gin­de Aş­ga­bat­da ulu­la­ryň, ýaş­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da sam­bo bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da-da tür­gen­le­ri­miz 66 me­dal ( 21 al­tyn, 26 kü­müş, 19 bü­rünç ) ga­zan­mak bi­len oňa gat­na­şan 17 ýur­duň tür­gen­le­rin­den ozup, bi­rin­ji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Bu uly ýa­ry­şa 400-e go­laý tür­ge­niň gat­na­şan­dy­gy­ny aýt­sak, bi­ziň tür­gen­le­ri­miz üçin bu ne­ti­jä­niň uly üs­tün­lik­di­gi aýan bol­ýar.
Ge­çen aýyň ahyr­ky gün­le­rin­de Gyr­gy­z Respublikasynyň paý­tag­ty Biş­kek­de Mer­ke­zi Azi­ýa li­ga­syn­da dün­ýä ku­bo­gy­nyň çäk­le­rin­de kon­kur bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Türk­men ça­pyk­su­war­la­ry bu bäs­le­şi­ge goý­lan “Ar­ka­la­şy­gyň ku­bo­gy­nyň” eýe­si bol­du­lar. Go­laý­da bol­sa, tür­gen­le­ri­miz Şwe­si­ýa­nyň Ýon­ço­ping şä­he­rin­de 100-e go­laý ýurt­dan 900-e go­laý tür­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da taý bok­sy bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 2 kü­müş me­dal al­ma­gy ba­şar­dy­lar. Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­syn­da Kon­kur we boks ýa­ryş­la­ry­nyň hem bar­dy­gy­ny aý­tsak, tür­gen­le­ri­mi­ziň bu ga­za­nan ne­ti­je­le­ri örän gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Go­laý­da Uk­rai­na­nyň Lwow şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ga­ry­şyk ba­şa-baş sö­weş bo­ýun­ça dün­ýä­niň Ku­bo­gy­nyň we king-fu bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň açyk çem­pio­na­tyn­da tür­gen­le­ri­miz 3 al­tyn, 3 kü­müş me­dal ga­zan­dy­lar.
Ýo­kar­da aý­dy­lan­lar gel­jek ýy­lyň güý­zün­de gö­zel paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ryn­da tür­gen­le­ri­mi­ziň iň öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­mek­le­ri­ne bi­ziň umyt bag­la­ýan­dy­gy­my­zyň ýö­ne ýe­re däl­di­gi­ni aň­lad­ýar.

Serdar ATAŞOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetinin uly mugallymy.