Ýur­du­my­zyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň 20-nji tap­gyr­yn­da “Al­tyn asyr” öz meý­dan­ça­syn­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Ara­gat­na­şyk­çy­lar “Kö­pet­dag” to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­wat et­di. Du­şu­şyk­da Mi­ha­il Ti­tow 3 gol ge­çi­rip, to­pa­ry­nyň uly ha­sap­ly ýeň­şi­ne ynam­ly go­şant goş­dy. Oý­nuň 6-njy mi­nu­tyn­da Ti­tow ha­sa­by aç­dy. Bu gol­dan 19 mi­nut soň, myh­man­lar­dan Baý­ram­gel­di Gul­ma­ýew ha­sa­by deň­le­di. 8 oýun­çy­nyň sa­ry kart alan du­şu­şy­gyn­da “Al­tyn asyr” 2-nji ýa­rym­da 4 gol ge­çir­di. Ola­ry 50-nji we 78-nji mi­nut­lar­da Mihail Ti­tow, 54-nji mi­nut­da Re­sul Ho­ja­ýew hem-de 87-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Mer­dan Mu­ha­dow öz ady­na ýaz­dyr­dy.
2–3-nji bas­gan­çak­lar­da bar­ýan “Şa­ga­dam” bi­len “Ahal” to­par­la­ry-da Ma­ry we­la­ýa­ty­na we­kil­çi­lik ed­ýän to­par­lar­dan üs­tün çyk­dy. “Şa­ga­dam” myh­man­çy­lyk­da “Ener­ge­ti­gi” 3–1, “Ahal” öz meý­dan­ça­syn­da “Mer­wi” 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. “Şa­ga­da­myň” gol­la­ry­ny 1-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Baý­ram­gel­di Nur­ly­ýew, 26-njy mi­nut­da Ata Gel­di­ýew hem-de 47-nji mi­nut­da Ke­rim Ho­ja­ber­di­ýew der­we­zä gi­riz­di. “Aha­la” 3 utuk ge­ti­ren ýe­ke-täk pök­gi­ni bol­sa, 23-nji mi­nut­da Gur­ban An­na­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. Aşa­ky orun­lar­da bar­ýan “Ne­bit­çi” bi­len “Aş­ga­bat” to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň adyn­dan Bo­ris Iwa­now (8) hem-de We­kil Ka­dy­row (65), ýer eýe­le­ri­niň adyn­dan bol­sa, Aşyr­gel­di Yl­ýa­sow (54) ta­pa­wut­lan­dy.