Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasy dünýäde senagat önümçiligi boýunça ösen ýurtlaryň sanawynda birinji orunda durýar. Bu ugurda ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, ABŞ bilen Ýaponiýa eýeledi.
BMG-niň Statistika düzümleriniň çap eden beýanatyna görä, dünýäniň senagat önümçiliginiň 28,4 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkeziji ABŞ-nyň görkezijisinden 10 göterim köpdür. Sanawda 6-njy orunda durýan Hindistanyň senagat önümçiliginiň paýy 3 göterime deňdir.
Ösen senagat ýurtlaryň sanawy:
10. Meksika: Latyn Amerikasynyň iň ösen ýurtlarynyň biridir. Bu ýerde metallurgiýa, maşyngurluşyk, himiýa we nebithimiýa, şeýle hem azyk senagaty ösendir.
9. Beýik Britaniýa: bu ýurtda nebiti gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, metallurgiýa, maşyngurluşyk, elektrotehnika we ýeňil senagaty ýokary derejede ösendir.
8. Fransiýa: bu ýurt himiýa we nebithimiýa senagatynyň ösen döwletleriniň biridir. Şeýle hem bu ýurtda maşyngurluşyk we elektrotehnika pudaklary ösendir. Fransiýanyň ýeňil we azyk senagaty hem meşhurdyr. Fransiýada öndürilýän egin-eşikler, aýakgaplar, peýnirler tutuş dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýar.
7. Italiýa: bu ýurt dünýäde dürli lybaslaryň önümçiliginiň ösen ýeri hasaplanýar. Lybaslar, aýakgaplar, el torbalary we olaryň bezeg işleri uly islegden peýdalanýar. Şeýle hem bu ýurtda awtoulag senagaty hem ösendir.
6. Hindistan: dünýäde agyr senagaty ösdürmekde öňdebaryjylardan biridir. Bu ýerde dag-magdan senagaty, gaýtadan işleýän senagat, şeýle hem energetika pudaklary ösendir.
5. Koreýa Respublikasy: dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryndan biridir. Ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde hyzmat we senagat pudaklary uly goşant goşýandygyna garamazdan, bu ýerde azyk senagaty, ýeňil senagat, nebiti gaýtadan işlemek, gämi gurluşyk, metallurgiýa, maşyngurluşyk we ýokary tehnologiýaly önümçilik ösendir.
4. Germaniýa: birnäçe senagat pudaklarynda, harytlaryň eksport-import ugry boýunça öňdebaryjydyr. Senagatyň ösen esasy pudaklary: maşyngurluşyk, elektrotehnika, himiýa, awtoulag, gämi gurluşyk we kömür.
3. Ýaponiýa: bu ýurt hem ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň biridir. Maşyngurluşyk, energetika, ýeňil we azyk senagatlary Ýaponiýanyň ösen esasy pudaklarydyr.
2. ABŞ: köp babatda dünýäde öňdebaryjy bolup, dünýäniň senagat ösüşiniň iň ýokary gazananlaryny özünde jemleýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda nebit we gaz, ýeňil we azyk senagaty, maşyn gurluşygy, himiýa senagaty, şeýle hem howa we elektron senagaty ýaly pudaklar has ösendir.
1. Hytaý: Hytaý senagat önümçiliginde öňdebaryjydyr. Bu ýerde magdançylyk, maşyngurluşyk, sement önümçiligi we beýleki önümçilik pudaklary ösendir. Hytaý senagat önümleriniň köp görnüşini öndürýän ýurtlaryň biridir.
Babajan HUDAÝNAZAROW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.