Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç 21-nji iýunda geçirilen parlament saýlawlarynda dolandyryjy Serbiýanyň Ösüş partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Bu saýlawlarda mejlisiň deputatlary, Woýewodina awtonom ülkesiniň we ýerli häkimiýetiň wekilleri saýlandy. Serbiýanyň 6 584 376 raýaty, 8,4 müň saýlaw uçastogynda ses bermek hukugyna eýe boldy. Saýlaw topary 3,3 müň ýerli we 111 daşary ýurtly synçyny hasaba aldy.
Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Serbiýanyň Ösüş partiýasy 63,35 göterim, Serbiýanyň Sosialistik partiýasy 10,67 göterim, Nowi Beograd şäher häkimliginiň başlygy Aleksandr Şapiç 2,17 göterim ses aldy. Şu güne çenli uçastoklaryň 2,32 göterimininiň maglumatlar gaýtadan işlenildi. Saýlawlara gatnaşanlaryň sany 59,4 göterim boldy diýlip habar berildi.
Beýleki partiýalar parlamente girmek üçin zerur sesleriň 3 göterimine golaýyny gazandylar. Şeýle hem kanunda milli azlyklaryň – albanlaryň, wengerleriň we boşnýaklaryň partiýalary üçin kwota göz öňünde tutulýar. Serbiýanyň mejlisinde 250 orun üçin 21 partiýa gatnaşdy. Deputatlar dört ýyl möhlet bilen saýlanýar.