Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen maslahatyň barşynda iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine türkmen-gruzin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy hem-de dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Ýurdumyzy Gruziýa bilen öňden gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly esas goýdy.
Uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmakda bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Bu toparyň işi dürli ulgamlarda, şol sanda işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen wideokonferensiýa ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, birnäçe agentlikleriň hem-de ulag-logistika merkezleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Gruziýa tarapyndan wideokonferensiýa daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili, ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, maliýe ministriniň orunbasary hem-de agentlikleriň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem wideokonferensiýa Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry boýunça Lazurit ulag geçelgesiniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, wideokonferensiýanyň barşynda ulag-üstaşyr ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Taraplar “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge üns berdiler we logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny bellediler.