Dünýä Ralli çempionatynyň (WRC) şu ýylky 10-njy ýaryşy Germaniýada geçirilip, “M-Sport” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňiş gazandy. Ol 21 tapgyrdan ybarat bolan 311,22 kilometrlik bäsleşigi 2 sagat 57 minut 31,7 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji ýeňşidir. Tanakdan 16,4 sekunt yza galan “Sitroen Total Abu Dabi” toparyndan Andreas Mikkelsen 2-nji ýeri eýeledi. Soňky 4 ýylyň çempiony, fransiýaly Sebastian Ožie topardaşy Tanakdan 30,4 sekunt yza galyp, 3-nji orun bilen kanagatlanmaly boldy. Bu ýaryşdan soň, utugyny 177-ä ýetiren Ožie “Hýundai” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwillden ornuny alyp, täzeden 1-nji basgançaga beýgeldi. 160 utukly Noýwill 2-nji, soňky bäsleşigiň ýeňijisi Ott Tanagyň 144 utugy bar. Dünýä Ralli çempionatynda indiki ýaryş 5–8-nji oktýabr aralygynda Ispaniýada geçiriler.