Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ylmy eýeçiligiň milli ulgamynyň emele gelmegini hem-de onuň halkara derejesine çykarylmagyny şertlendirýän “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda” we “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi. Milli Liderimiz ylma we ýokary tehnologiýalara aýratyn ornuň degişlidigini belläp, täzeçil ylmy gazananlaryň ösdürilmegi, onuň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy, ýokary hünärli ylmy işgärleriň taýýarlygy, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň, ylmy açyşlaryň we täzeçil usullaryň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň bu pudagyň öňünde durýan esasy maksatlaryň biridigini nygtady.
Oýlap tapyşlar bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek ösen ýurtlarda awtoulag we senagat önümçiligi döwründe kemala gelendigi hakykatdyr. Ýöne bu ýagdaý senagat önümçiligi döwrüne çenli oýlap tapyşlaryň bolmandygyny aňlatmaýar. Ol gadymy döwürlerden bäri dowam edip, adamzat ösüşiniň bütin taryhynda onuň hemrasy bolupdyr. Mysal üçin, suw sagatlary, takmynan, miladydan 600 ýyl ozal, gidrawlik çarh miladydan 100 ýyl öň, äýnekler XIII asyrda, mikroskop XVI asyryň ahyrlarynda oýlanyp tapylýar. Jemgyýetiň ösüşiniň kapitalistik döwürlerine çenli, tehniki ösüşiň haýal depginleri zerarly tehniki täzelikler ýaýrap ýetişmändir.
Hukuk boýunça rus hünärmeni B. S. Antimonowyň bellemegine görä, “Biziň oýlap tapyş diýip atlandyrýan ynsan zähmetiniň ruhy önümi ýeterlik derejede giňden ulanyşda bolmandyr we önümçilik gatnaşyklarynyň gurluşyny üýtgetmändir. Hut şonuň üçin hem gul eýeçilik gurluşyna eýe bolan ýurtlaryň oýlap tapyşlary ulanyp, olary düzgünleşdirmäge bolan höwesleri bolmandyr. Bu ýagdaý feodalizm zamanynda hem şeýle bolupdyr”.
Oýlap tapyşlara bagyşlanan ilkinji kanunlar XV asyryň başlarynda Italiýanyň Florensiýa we Wenesiýa şäherlerinde peýda bolýar. Ýöne oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda iňlisleriň monopoliýalar baradaky 1623-nji ýylda çykaran kanunynda hem agzalyp geçilýär. Adatça, awtorlar patent hukugy baradaky kanunlaryň taryhynda 1623-nji ýyly aýratyn döwür hökmünde belläp geçýärler. Ýöne käbir alymlar umumy kanunda oýlap tapyş baradaky patentiň ilkinji gezek ýatlanylyp geçilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny, ýöne munuň diňe bir daşky görnüş bolup, ösüş ýörelgelerine hiç hili täsirini ýetirmändigini belläp geçýärler.
Geografik, tebigy açyşlar we kitap çap etmegiň ösüşi ýaly XVII asyryň ylmy ynkylaby tehniki oýlap tapyşlaryň ähmiýetini has-da özgerdip, onuň hukuk goragyny düzgünleşdirmegiň zerurlygyny mese-mälim orta çykarýar.
Şeýlelikde, ilkinji ygtybarly patent kanunlary 1790-njy ýylda ABŞ-da, 1791-nji ýylda Fransiýada, 1812-nji ýylda Russiýada, 1820-nji ýylda Ispaniýada, 1854-nji ýylda Belgiýada, 1859-njy ýylda Italiýada, 1877-nji ýylda Germaniýada, 1894-nji ýylda Daniýada, 1897-nji ýylda Awstriýada we beýleki ýurtlarda kabul edilip ugraýar. 1883-nji ýylyň 20-nji martynda bolsa, Parižde senagat eýeçiligini goramak boýunça ilkinji halkara ylalaşygyna gol çekilýär.
Soňky ýyllarda önümçilik usullarynyň kämilleşmegi bilen patent kanunlary hem dürli özgerişlere sezewar bolýar. Patent kanunlarynyň täzeleniş ýörelgesiniň täze tapgyry Ikinji jahan urşundan soňra bolup geçýär. Bu täzelenişde ylmy-tehniki ösüşiň aýratyn ähmiýeti bolupdyr. Şol döwürlerde esasy kapitalistik ýurtlaryň köpüsinde täze patent kanunlary kabul edilýär ýa-da ozalky hereket edýän kanunlara düýpli özgerişlikler girizilýär. Netijede, 1960-njy ýyllardan soňra Niderlandlarda, Skandinawiýa ýurtlarynda, Germaniýada, Fransiýada, Hindistanda, Ýaponiýada, Angliýada, ozalky SSSR-de we beýleki käbir ýurtlarda täze patent kanunlary kabul edilýär. Şol döwürde Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň patent hukuklarynyň kada-kanunlaryna ep-esli özgerişlik girizilýär.
Şeýlelikde patent kanunlarynyň üsti özboluşly täze düzgünler bilen doldurylýar. Çünki himiýa, elektronika, mikrobiologiýa ýaly ugurlarda patentlik ukyby bolan oýlap tapyşlaryň sany has-da artýar. Kanunlaryň unifikasiýa, ýagny, bir ulgama getirilmegi bolsa, senagat taýdan ösen ýurtlaryň patent-hukuk ýagdaýyna ep-esli täsirini ýetirip, onuň başlangyjy Ýewropanyň ykdysady bileleşigini döretmek baradaky Rim şertnamasyndan (1957) gaýdýar.
Öňdebaryjy ýurtlaryň patent kanunlaryna täzeden seretmek we üýtgetmek bilen baglanyşykly meýilleri heniz hem dowam edýär. Mysal üçin, Fransiýada 1992-nji ýylda intellektual eýeçilik düzgüni hakynda kanun kabul edilip, soňra rejelenip, ondan ozalky düzgünler öz güýjüni ýitirýär.
Şonuň ýaly hem, ABŞ-nyň 1952-nji ýyldaky kanunlar ýygyndysynyň “Patentler” bölüminiň, Kanadanyň 1935-nji ýyldaky patent kanunynyň, HHR-iň oýlap tapyşlary goramaga gönükdirilen 1984-nji ýylda çykaran patent kanunynyň, Germaniýanyň 1981-nji ýyldaky we Ýaponiýanyň 1959-njy ýyldaky patent kanunlarynyň üsti ýakyn ýyllarda täze goşmaçalar we üýtgetmeler doldurylýar.
Şu günki günde, dünýäde senagat eýeçiliginiň obýektleriniň hukuk goragy boýunça kämil tejribeler toplanyp, durnukly ýagdaýa eýe bolan kadaly düzgünler herekete girizilýär.
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.