Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halk rowaýatlarynda alabaý ýeňşe, güýç-kuwwata hem-de
hoşniýetli ruhy güýje bolan üýtgewsiz erk-islegi alamatlandyrýar. Alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde saýlanylmagy hem tötänden däldir.

7-nji maý­da “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri, türk­men ala­baý­la­ry­nyň to­hu­my­nyň seç­gi­si bo­ýun­ça iş­le­ri gi­ňelt­mek, ala­baý­la­ryň bu öz­bo­luş­ly to­hu­my­ny aýaw­ly sak­la­mak we kö­pelt­mek, şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len bir­le­şi­giň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler gi­ri­zil­di.
Soň­ra Änew şä­he­rin­de We­te­ri­nar be­je­riş­ha­na­sy­nyň we öý haý­wan­la­ry sak­lan­ýan top­lu­myň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu des­ga­lar hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bi­len gu­rul­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 1-nji maý­da Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de mas­la­hat ge­çi­ri­lip, on­da “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ter­tip­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy, onuň ýol­baş­çy­sy saý­la­nyl­dy hem-de gö­zeg­çi­lik-der­ňew to­pa­ry dö­re­dil­di.
Şu gün­ki mej­li­se gat­na­şy­jy­lar – kä­bir mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň, ki­no­log klub­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, hu­su­sy it­şy­nas­lar we beý­le­ki hü­när­men­ler däp-des­sur­la­ra we­pa­ly­ly­gyň hem-de mi­ra­sa hor­ma­tyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rü­len ala­baý­la­ryň ga­dy­my to­hu­my­ny go­rap sak­la­mak we kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne ber­ýän ün­si üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze çäk­siz ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.
“Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ser­dar Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, ala­baý­la­ryň türk­me­niň di­ňe kö­mek­çi­le­ri we yg­ty­bar­ly go­rag­çy­la­ry bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň we­pa­ly dost­la­ry bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu gün olar türk­men hal­ky­nyň me­de­ni gym­mat­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup, biz ony aýaw­ly sak­lap, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, ösüp gel­ýän ne­sil­le­re ýe­tir­me­li­di­ris.
As­so­sia­si­ýa­ny dö­ret­me­giň mak­sa­dy – türk­men ala­baý­la­ry­nyň to­hu­my­ny, onuň beý­le­ki it­ler­den ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­mak we ös­dür­mek bo­lup dur­ýar. Onuň işi­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men ala­baý­la­ry­ny yzy­gi­der­li kö­pelt­mek, halk seç­gi­çi­lik usu­ly­ny hem-de dün­ýä yl­my­nyň hä­zir­ki ga­za­nan­la­ry­ny peý­da­lan­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li it­şy­nas­lyk mek­de­bi­niň iň go­wy däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak we art­dyr­mak we­zi­pe­si dur­ýar.
Mej­li­siň çäk­le­rin­de gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di. “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne hu­su­sy it­şy­nas A.Ýaz­my­ra­dow saý­la­nyl­dy, şeý­le hem bir­le­şi­giň jo­gap­kär kä­ti­bi saý­la­nyl­dy. Şeý­le hem gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne tä­ze ag­za­lar ka­bul edil­di. “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we­la­ýat­lar we Aş­ga­bat şä­he­ri bo­ýun­ça bö­lüm­le­ri dö­re­dil­di hem-de ola­ryň ýol­baş­çy­la­ry saý­la­nyl­dy. “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ny­şa­ny tas­syk­la­nyp, on­da he­mi­şe we­pa­ly dost we gaý­duw­syz go­rag­çy bo­lan, ýa­nyn­da özü­ňi ar­ka­ýyn du­ýup bol­ýan ala­ba­ýyň şe­ki­li ýer­leş­di­ril­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, halk ro­wa­ýat­la­ryn­da ala­baý ýeň­şe, güýç-kuw­wa­ta hem-de hoş­ni­ýet­li ru­hy güý­je bo­lan üýt­gew­siz erk-is­le­gi ala­mat­lan­dyr­ýar. Ala­ba­ýyň 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň res­mi ny­şa­ny hök­mün­de saý­la­nyl­ma­gy hem tö­tän­den däl­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da “Türk­men ala­baý it­le­ri” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň bi­na­lar top­lu­my gu­rul­dy. Bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len top­lu­myň açy­lyş da­ba­ra­sy 2019-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­lip, ol hä­zir­ki dö­wür­de meş­hur to­hu­my ös­dür­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­riň ba­şy­ny baş­la­dy. Bu des­ga ýur­du­myz­da il­kin­ji öz­bo­luş­ly top­lum bo­lup, onuň dö­re­dil­me­gi hä­zir­ki dö­wür­de türk­men it­le­ri­niň gym­mat­ly ge­no­fon­du­ny dö­ret­mä­ge, it­şy­nas­ly­gyň umu­my me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we onuň usu­ly­ýet üp­jün­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ga be­ril­ýän örän uly äh­mi­ýe­tiň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Bir gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len top­lu­myň dü­zü­min­de uly ala­baý­la­ry sak­la­mak üçin ze­rur bo­lan şert­ler dö­re­dil­di. Ol uly ala­baý­la­ryň 40-sy­ny we gü­jük­le­riň 30-sy­ny sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir.
ALA­BAÝ­LAR ÜÇIN
WE­TE­RI­NAR MER­KE­ZI
Soň­ra wa­ka­lar Änew şä­he­rin­de do­wam et­di. Tä­ze we­te­ri­nar mer­ke­zi­niň bi­na­sy bu şä­he­riň bir kün­je­gin­de gu­rul­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nist­ri Ser­dar Berdimuhamedow gat­naş­dy. Ýyg­na­nan­la­ryň ara­syn­da de­giş­li eda­ra­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň orun­ba­sar­la­ry, ýaş­lar bar. Tä­ze gur­lan we­te­ri­nar top­lu­myň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da sun­gat us­sat­la­ry­nyň we dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Soň­ra “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy çy­kyş edip, tä­ze des­ga­nyň açyl­ma­gy­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da türk­men ala­baý­la­ry­na üns be­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ki­no­lo­gi­ýa işi­niň we it­şy­nas­ly­gyň döw­re­bap ul­ga­my­nyň ke­ma­la gel­me­gi­niň ýe­ne bir anyk my­sa­ly­dyr.
“Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ser­dar Berdimuhamedow top­lu­myň baş gi­rel­ge­si­ne bar­ýar hem-de ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­gy bi­len toý ba­gy­ny ke­sip, tä­ze eda­ra­ny aç­dy. Aş­ga­ba­dyň go­la­ýyn­da gur­lan hem-de Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky döw­let we­te­ri­nar gul­lu­gy­nyň we­te­ri­nar be­je­riş­ha­na­sy we öý haý­wan­la­ry sak­lan­ýan top­lum öý haý­wan­la­ry­na ideg et­mek­de düý­bün­den tä­ze gör­nüş bo­lup dur­ýar. Bu döw­re­bap be­je­riş-anyk­la­ýyş mer­kezi öý haý­wan­la­ry­nyň ke­sel­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak we ola­ry be­jer­mek üçin ni­ýet­le­nen öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di.
Şeý­le hem tä­ze top­lum haý­wan­la­ra ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ry et­mek bo­ýun­ça hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär, mu­nuň özi epi­zo­dik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin iki gat­ly bi­na­nyň baş gi­rel­ge­sin­de ke­sel­li jan­dar­la­ryň bir ýer­de ga­bat­laş­maz­ly­gy üçin ola­ry ka­bul et­mekde to­par­la­ra böl­mek iş­le­ri ge­çi­ril­ýär.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, gi­rel­ge­de ke­sel­län, ga­ba­ra­sy uly haý­wan­la­ry, my­sal üçin, da­ýaw ala­baý­la­ry da­şa­mak üçin uly ara­ba goý­lup­dyr. Ke­sel­län haý­wan­lar bu ýer­den gö­ni hü­när­men­le­riň ýa­ny­na el­til­ýär ýa-da ola­ryň ýag­da­ýy kes­git­le­nen bol­sa, be­je­riş bö­lü­mi­ne ug­ra­dyl­ýar. Des­lap­ky göz­den ge­çi­riş bö­lü­min­de luk­man in­di­ki et­me­li iş­le­ri kes­git­le­ýär. Mer­kez­de döw­re­bap en­jam­la­ry­nyň we luk­man­çy­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň top­lu­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan EKG-anyk­la­ýyş we fi­zio­te­ra­pi­ýa otag­la­ry bar.
We­te­ri­nar mer­ke­zi­niň te­ra­pi­ýa bö­lü­min­de ze­rur hyz­mat­la­ry we de­giş­li en­jam­la­ry özün­de jem­le­ýän bir­nä­çe otag­lar gu­rul­dy. My­sal üçin, En­dos­ko­pi­ki bar­lag­lar ota­gyn­da “Ha­ger” ne­mes şe­re­ke­ti­niň ön­dü­ren en­dos­ko­py­nyň has kä­mil tä­ze nus­ga­sy bar. EKG we UZI bar­lag­lar ota­gyn­da ýü­re­giň iş­leý­şi­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýän sta­sio­nar hem-de ult­ra­ses anyk­la­ýyş en­jam­lar­dan baş­ga-da, yk­jam UZI en­ja­my bo­lup, ol luk­ma­na haý­wa­nyň sak­lan­ýan öýün­de bar­lag ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu en­jam hem ital­ýan önüm­çi­li­gi­niň ab­zal­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ri­len gör­nü­şi­dir.
Fi­zio­te­ra­pi­ýa ota­gy luk­man üçin ze­rur gu­ral­lar – en­dos­kop­lar, pul­sok­si­metr­ler, otos­kop­lar we la­rin­gos­kop­lar, da­mar­la­ryň elekt­ron si­mul­ýa­to­ry hem-de haý­wa­nyň iş­jeň wag­ty luk­man­çy­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri­ni al­mak üçin yl­gaw ýo­da­jy­gy, di­kel­diş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, me­se­le dö­re­den zo­lak­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di.
We­te­ri­nar göz­den ge­çi­riş üçin ýö­ri­te me­bel­ler goý­lan te­ra­pew­tiň ota­gyn­da sto­mo­to­lo­gik en­ja­my, te­re­zi­ler, haý­wan­la­ry da­şa­mak üçin ara­ba, in­fu­zi­on gur­luş hem-de dam­ja­la­ýyn usul bi­len se­ret­mek üçin ýer, jan­dar­la­ryň göz­le­ri­niň, gu­lak­la­ry­nyň ýag­daý­la­ry­ny bar­la­mak üçin ab­zal­lar we beý­le­ki­ler göz öňün­de tu­tul­dy.
We­te­ri­nar has­sa­ha­na­sy­nyň hi­rur­gi­ýa bö­lü­min­de iki sa­ny ope­ra­si­ýa ota­gy göz öňün­de tu­tul­dy. Ola­ryň iki­si hem ýö­ri­te en­jam­lar, şol san­da la­po­ros­ko­pi­ýa bi­len üp­jün edi­lip, has çyl­şy­rym­ly ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mek üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len­dir. Bu­lar­dan baş­ga-da, top­lu­myň bi­na­sy­nyň aşa­ky ga­tyn­da te­ra­pi­ýa we hi­rur­gi­ýa bö­lüm­le­ri, rent­gen ota­gy ýer­leş­di­ril­di. Olar Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ön­dü­ri­len, ana­log we san­ly gör­nüş­ler­de iş­le­ýän en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. Şol gör­nüş­le­riň bi­rin­ji­sin­de plýon­ka çy­kar­ýan en­jam bo­lup, oňa ne­ga­tos­kop­da se­re­dil­ýär, ikin­ji­si bol­sa, dür­li öl­çeg­dä­ki şe­kil­le­ri düz­mä­ge we ola­ry çap et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Şeý­le hem şol gat­da os­teo­sin­tez ota­gy ýer­leş­di­ri­lip, on­da süňk­le­ri bir­leş­dir­mek üçin gips goý­mak we süňk­le­ri ös­dür­mek iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Dö­wük-ýen­jik agyr bo­lan ýag­da­ýyn­da, süňk bö­lek­le­ri­ni bir­leş­dir­mek üçin ti­tan çe­ki­ji sko­ba­lar, plas­ti­na­lar, şti­fit­ler we beý­le­ki­ler ula­nyl­ýar. Bu ýer­de otur­dy­lan en­jam­lar iş­le­ri ne­ti­je­li ge­çir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
We­te­ri­nar be­je­riş­ha­na, il­kin­ji no­bat­da, it­ler we pi­şik­ler üçin ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­de haý­wan­la­ryň bir wag­tyň özün­de 10-sy­ny ka­bul et­mek müm­kin, 8 gör­nü­şi üçin bol­sa be­je­riş hyz­mat­la­ry üçin şert­ler bar. We­te­ri­nar be­je­riş­ha­na­nyň iş­gär­le­ri to­wuk, ör­dek we beý­le­ki öý jan­dar­la­ra hem-de haý­wa­nat dün­ýä­si­niň ek­zo­ti­ki gör­nüş­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne hem kö­mek et­mä­ge taý­ýar­dyr­lar. Oba ho­ja­lyk haý­wan­la­ry­na, şeý­le hem ola­ryň eýe­le­ri­niň is­le­gi­ne gö­rä, öý­le­rin­de hem hyz­mat edi­lip bil­ner.
We­te­ri­nar be­je­riş­ha­na­dan baş­ga-da, bu ýer­den uzak bol­ma­dyk ara­lyk­da haý­wan­la­ry wagt­la­ýyn sak­la­mak üçin top­lum bi­na edil­di. Bu bi­na hem “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Serdar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da açyl­dy. Haý­wan­la­ry wagt­la­ýyn sak­la­mak üçin top­lum ýa-da ola­ra ni­ýet­le­nen myh­man­ha­na döw­let de­re­je­sin­de dö­re­di­len Türk­me­nis­tan­da­ky şu­nuň ýa­ly eda­ra­la­ryň il­kin­ji­si­dir. Top­lum öý haý­wan­la­ry­ny: pi­şik­le­ri, it­le­ri, guş­la­ry we beý­le­ki­le­ri wagt­la­ýyn sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen top­lum­dyr, şeý­le hem bu ýer­de ba­lyk­la­ry sak­la­mak üçin ak­wa­ri­um hem göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.
Bi­na­nyň ar­ka ta­ra­py­nyň how­lu­syn­da alabaýlar üçin ki­çi se­ýil­gäh hök­mün­de gez­di­ril­ýän oňaý­ly meý­dan­ça gur­na­lyp, olar şol ýer­de aras­sa ho­wa­da ge­zim edip bi­ler. Şol meý­dan­ça ha­ýat bi­len bö­lü­nen tür­gen­leş­me meý­dan­ça­sy bir­leş­ýär. Bu meý­dan­çada haý­wan­la­ry tür­gen­leş­dir­mek we el­de­ki­leş­dir­mek üçin ni­ýet­le­nen päs­gel­çi­lik­li ýer­ler bar.
Soň­ra Ser­dar Berdimuhamedow “Türk­men ala­baý it­le­ri” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de ýe­tiş­di­ri­len aras­sa to­hum­ly ala­baý­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň adyn­dan Aş­ga­bat şä­he­ri­ne hem-de we­la­ýat­la­ra, şeý­le hem Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­ne we Döw­let ser­het gul­lu­gy­na sow­gat ber­di.
Bu ýer­de ýur­du­my­zyň it­şy­nas­la­ry­nyň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de türk­men ala­ba­ýy­nyň saý­la­ma to­hu­myn­dan bo­lan gü­jü­jek sow­gat be­ril­di.
Da­ba­ra­nyň bar­şyn­da bel­li bol­şy ýa­ly, “Türk­men ala­baý it­le­ri” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de ýe­tiş­di­ri­len bu na­şy­ja ala­ba­ýa at dak­mak ha­ýyş edi­lip, mil­li Li­de­ri­mi­ze ýüz­le­ni­len­de, türk­men ala­ba­ýy­nyň gaý­duw­syz­ly­gy­nyň, eder­men­li­gi­niň hem-de eýe­si­ne we­pa­ly­ly­gy­nyň be­lent ny­şa­ny hök­mün­de mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz be­lent, şa­hy­ra­na joş­gun­ly dö­re­di­ji­lik duý­gu­la­ry bi­len:
Päl­wan­syň sen, ala­ba­ýym,
Eder­men­siň sen, ala­ba­ýym.
Ge­rek bol­sa ger­çek­siň sen, ala­ba­ýym,
Türk­men mil­le­ti­niň buý­san­jy­syň sen, ala­ba­ýym
– di­ýen dür­dä­ne se­tir­le­ri­ni ba­gyş­lap, oňa Päl­wan di­ýip at goý­dy. Mun­da eý­ýäm hä­zir­den uly gaý­duw­syz ala­ba­ýyň we­pa­ly­ly­gy, gel­jek­ki güýç-kuw­wa­ty we eder­men­li­gi gö­rün­ýär.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­mi­ziň adyn­dan gaý­duw­syz türk­men ala­ba­ýy­nyň do­wa­ma­ty hök­mün­de nus­ga­lyk bol­jak Päl­wan at­ly bu gü­jü­jek “Türk­men ala­baý it­le­ri” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ne gow­şu­ryl­dy.