Ko­lum­bi­ýa­nyň fut­bol ýy­gyn­dy­syn­da tä­lim­çi Ho­ze Nes­tor Pe­ker­man we­zi­pe­si­ni taş­la­dy. 2012-nji ýyl­dan bä­ri Ko­lum­bi­ýa­nyň mil­li toparyna tä­lim ber­ýän 69 ýa­şyn­da­ky ar­gen­ti­na­ly tä­lim­çi bu ýygyndy bilen 2 Dün­ýä Ku­bo­gy­na (2014, 2018) gat­naş­dy. Pe­ker­man 6 ýyl­da 78 du­şu­şyk­ geçirip, şo­la­ryň 42-sin­de ýe­ňiş ga­zan­dy. 16 ge­ze­gem utu­lyp, 20 oý­ny-da deň­lik­de ta­mam­la­dy. Met­bu­gat­da çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, Pe­ker­ma­nyň öz ýur­du­nyň, ýag­ny Ar­gen­ti­na­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.