Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­ki­niň gü­nor­ta­syn­da gu­rul­ýan tä­ze hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy in­di­ki ýy­lyň 30-njy iýu­nyn­da ta­mam­la­nar. Em­ma “Faç­ži wan­bao” ne­şi­ri Hy­ta­ýyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­na sal­gy­la­nyp, paý­tag­tyň tä­ze ho­wa men­zi­li­niň res­mi taý­dan açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň 2019-njy ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ry­na bel­le­nen­di­gi­ni ha­bar ber­ýär.
Paý­tag­tyň tä­ze ae­ro­por­ty şä­he­riň mer­ke­zin­den 46 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­le­şip, onuň gu­rul­ma­gy­nyň esa­sy mak­sa­dy dün­ýä­niň iň gat­naw­ly ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri bo­lan, “Şou­du” hal­ka­ra ae­ro­por­tu­nyň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr. Tä­ze açyl­jak ho­wa men­zi­li bi­len onuň ara­sy 67 ki­lo­metr­dir.
Tä­ze ae­ro­por­tuň çä­gin­de dört sa­ny uçuş-go­nuş zo­la­gy bo­lup, ýyl­da 620 mü­ňe go­laý gat­naw ama­la aşy­ry­lar. Ho­wa men­zi­lin­de 2025-nji ýy­la çen­li ýyl­da 72 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat et­mek, şeý­le hem 2 mil­li­on ton­na ýük gat­na­wy­ny ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.