Hytaýyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli ýurduň paýtagty Pekin şäherini dünýäniň ylmy-innowasion tehnika merkezine öwürmegi maksat edinýär. 2025-nji ýyla çenli 40 sany innowasiýa önümçilikli merkeziň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Li Kesýanyň gol çeken resminamasynda beýan edilýär.
Ýurduň hökümetiniň maksatnamasyna görä, Pekin dünýäniň esasy ylmy merkezine öwrüler. Häzirki zaman tehnologiýasy giňden ornaşdyrylan ylmy merkezleriň hem-de ylmy önümçilik desgalarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi hem-de bu ugurda zähmet çekjek hünärmenleriň taýýarlanmagy meýilleşdirilýär.
2017-nji ýylda Pekin şäherinde innowasion merkeziň gurluşygyna başlanar. Soňky ýyllarda ýurduň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini has-da gowulandyrmak üçin degişli işler alnyp barlar.