“Peugeot-3008” ulagy 2017-nji ýyl boýunça Ýewropanyň iň gowy awtomobili hökmünde kesgitlendi. Ýewropa sebitinde 1964-nji ýyldan bäri iri göwrümli 7 sany awtoulag žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy awtoulagyny saýlamak boýunça bäsleşik geçirilýär. Bu ýylky guralan bäsleşigiň jemleri Ženewa şäherinde geçirilen iri awtoulag sergisiniň öň ýanynda jemlendi.
Şeýle hem bu wakanyň yzysüre “Peugeot-Citroen” kompaniýasy ABŞ-nyň “General Motors” şereketiniň Ýewropadaky “Opel/Vauxhall” şahamçasyny satyn aldy.
– Biziň kompaniýamyzyň gerimi giňedi. Indi täze bazarlaryň gözlegine çykmagyň wagty ýetdi. Bu biziň üçin örän gowy habar – diýip, “Peugeot-Citroen” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Žan-Flipp Imparato gürrüň berýär.
Geçen ýylyň iň gowy awtoulagy hasaplanan “Opel Astra”-ny öndüren şereketi satyn alan “Peugeot-Citroen” kompaniýasy Ýewropa bazarynda “Volkswagen”-den soňra awtoulag önümçiliginde ikinji orna geçdi.
Germaniýanyň Rýusselshaým şäherinde ýerleşýän “Opel”-iň zawodynyň bu ylalaşykdan göwni suw içdi. Angliýanyň Elsmir-Porte şäherinde “Opel” ulaglary “Vauxhall” markasy bilen öndürilýär.
“Peugeot” kompaniýasy 5-nji gezek şeýle ýokary sylaga mynasyp bolýar. Onuň täze “Peugeot-3008” kysymly ulagy 319 ball toplap, birinji boldy. Ikinji orny “Alfa Romeo Giulia”, üçünji orny bolsa “Mercedes-Benz” kysymly awtoulagyň “E” klassy eýeledi. 2016-njy ýylda Ýewropada satuwa çykarylan täze 30 ulag görnüşinden biri ýeňiji hökmünde saýlandy. Fransiýanyň dünýä belli kompaniýasynyň bu ulagynyň käbir görnüşleri 1969-njy, 1988-nji, 2002-nji hem-de 2014-nji ýyllarda baş baýraga mynasyp bolupdy.