Hytaý kosmosa adamly uçuşlary ýola goýmak maksady bilen synag uçuşyny amala aşyrdy. Synagda raketa bilen bir hatarda kosmos gämisi hem barlanyp görüldi. Ýurt ilkinji nobatda kosmos bekedine, soňra bolsa, Aýa we Marsa pilotly uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär. Synag maksady bilen uçurylan “Long March-5B” atly raketanyň bökdençsiz uçurylandygy we bellenen ugur boýunça hereket edýändigi mälim edildi. Ýylyň ahyrynda “Tiangong-3” atly kosmos bekediniň (“Asman köşgi”) gurluşygyna başlanar. Bekediň 2022-nji ýylda işe başlamagyna garaşylýar.
Uzynlygy 53,7 metr we umumy agramy 849 tonna bolan “Long March-5B” bir gezekde 21 tonnadan gowrak ýük äkidip biler. Raketa gurulmagy maksat edinilýän kosmos bekediniň “Tianhe” atly agramy 20 tonna barabar kapsulasyny 2021-nji ýylda Ýeriň orbitasyna çykarar.
Hytaý soňky ýyllarda Ýer ýüzüniň kosmosdan öwrenilmegi, nawigasiýa ýaly ugurlarda uly üstünlikler gazandy. Kosmos barlaglaryna 1956-njy ýylda başlan Hytaý Halk Respublikasy ilkinji raketasyny 1970-nji ýylda uçurdy.