Pi­şik­ler dün­ýä­dä­ki iň tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Öz­bo­luş­ly he­re­ket­le­ri, keşp­le­ri we be­den gur­luş­la­ry bi­len olar haý­wa­nat dün­ýä­si­niň ada­ma iň ýa­kyn dost­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ola­ryň çy­kar­ýan ses­le­ri hem üýt­ge­şik. Pi­şik­ler duý­gu­la­ry­ny ses­le­ri bi­len be­ýan et­me­gi ba­şar­ýar­lar. Şol san­da, ga­har­ly­dyk­la­ry­ny, ajyg­ýan­dyk­la­ry­ny ýa-da be­gen­ýän­dik­le­ri­ni ses­le­ri­niň ähe­ňi bi­len dü­şün­di­rip bil­ýär­ler. Pi­şik­ler dün­ýä inen­den tak­my­nan iki gün soň, myr­lap baş­la­ýar­lar. Myr­la­mak­lyk di­ňe bir ça­ga pi­şik­le­re däl, eý­sem, uly pi­şik­le­re-de mah­sus. Eý görülmek is­len­ýän pi­şik­ler eýe­le­ri­niň gu­jak­la­ryn­da myr­la­ýar­lar. Bi­ler­men­ler pi­şi­giň myr­la­ma­gy­nyň kö­şeş­di­ri­ji tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny nyg­ta­ýar­lar. Eger-de iki pi­şik my­la­ýym myr­laş­sa­lar, mu­ňa dost­lu­gyň ala­ma­ty di­ýip bi­le­ris. Ýö­ne myr­la­mak pi­şik­le­riň di­ňe bir keýp­li wag­ty­na mah­sus däl. Pi­şik ga­har­ly, al­jy­raň­ňy we gus­sa­ly pur­sat­la­ryn­da ün­jü­li myr­la­ýar. Pi­şik to­hum­la­ry­nyň äh­li­si hem myr­la­ýar­lar. Em­ma haý­sy to­hum­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, äh­li pi­şik­ler myr­lap bil­ýär­ler.
Pi­şi­giň se­si edil onuň hä­si­ýe­ti ýa­ly syr­ly­dyr. Pi­şik­le­r myr­la­nlarynda şol bir wag­tyň özün­de nä­me üçin we nä­dip tit­re­ýän­di­gi he­ni­zem syr bol­ma­gyn­da gal­ýar. Olar bo­kur­dak myş­sa­la­ry­ny we bo­gun­la­ry­ny ula­nmak arkaly ses çy­kar­ýar­lar. Şol ara­lyk­da, dem al­ýan ho­wa­sy yr­gyl­dap, hü­ňür­dä meň­zeş ses çy­kar­ýar­lar. Pi­şik­le­riň aç wag­ty çy­kar­ýan ses­le­ri­niň has ýi­ti we çuň­du­gy kes­git­le­nil­di. Hü­när­men­ler in­çe myr­ryl­dy ses­le­riň ag­la­mak we möň­ňür­mek bi­len de­ňeş­di­ril­ýän­di­gi­ni hem-de adam­da dart­gyn­ly­ly­gy dö­red­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar.
Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, pi­şik­ler di­ňe bir şa­dy­ýan pur­sat­lar­ynda däl, eý­sem gam­gyn, tol­gun­ýan hem-de has­sa bo­lan­la­ryn­da-da myr­lap bil­ýär­ler. Pi­şi­gi­ňi­zi we­te­ri­nar luk­ma­ny­na alyp gi­de­ni­ňiz­de ýa-da ke­se­li­niň sa­gal­dyş döw­rün­de myr­la­ýan­dy­gy­ny syn­lap bi­ler­si­ňiz.