Tebigy pisselikler Merkezi Aziýada, Zakawkaziýada, Krymda duşýar. Merkezi Aziýada uly pisseli ýerler Täjigistanda, günorta Özbegistanda, Türkmenistanda esasan, Bathyzda we Serhetabatda, Gyrgyz Respublikasynda bar. 1 gektara deň bolan tebigy pisselik ýerlerde 100-180 düýpden gowrak pisse agajy ösýär.
Pisse agajy gurakçylyga örän çydamly agaç hasaplanylýar. Onuň boýy 6-7, kähalatlarda 10 metre ýetýär. Gyrymsy görnüşleri köp baldakly bolup, boýy 2-3 metre barabardyr. Pisse agajynyň gabarasy uly, köp pudakly, şar şekilli bolup, onuň diametri 5-6, kähalatlarda 10 metre ýetýär. Ýapraklaryny düşürýän ösümlik, täk per şekilli, kähalatlarda bir ýaprak sapagynda ýedi ýaprak plastinkalary bolýar. Ýapraklary açyk ýaşyl reňkli bolup, gülleri sübselik şekilli gül topbagynda jemlenendir. Tozanlanma ýel arkaly amala aşyrylýar. Olarda enelik gül pyntygy süýri, ujy ýiti bolýar. Ilki atalyk gülleri gülleýär, soňra enelik gülleri gülleýär, şondan soňra ýapraklaýar.
Miwesi ýukajyk miweýanly şänik, uzynlygy 17 mm barabar. Tohumy iki ülüşli ýaşyl reňkli bolup, miwesi awgust aýynda ýetişýär. Ortaça hasyllylygy bir düýp agaçdan 1-6 kg, ýokary hasyllylyk 15 kg-dan gowrak bolýar. 60-80 ýaşly pisseler köp hasyl berýärler. Pissäniň baldaklary örän gaty, agyr, goňur reňkli bolup, ýalpyldawuk bolýar. Şol sebäpli baldaklary mebel senagatynda ulanylýar. Pissäniň köki onuň ýer üsti organlaryndan çalt ösýär. Ilkinji ýylynda köki topraga 80-150 sm çuňluga gidýär. Emma baldagy 10 sm-den geçmeýär. Köp ýaşan pisseleriň kökleri 7-10 metr çuňluga gidýär. Pisseler 300 ýyldan gowrak ýaşaýarlar.
Pissäniň miwesi dünýä bazarynda iň bir gymmatly miwe hasaplanylýar. Onuň miwesinde tagamly, ýokary hilli iýmit maddalary bolýar. Onda 60-80% ýag, 22,6% beloklar, 13% uglewodlar saklanýar. Şol sebäpli onuň miwesi iýmit we konditer senagatynda giňden ulanylýar. Pisseden alynýan şepbikden gymmat bahaly boýaglar taýýarlanylýar. Pisse önümleri halk lukmançylygynda aşgazan, öýken, bagyr kesellerini bejermekde giňden ulanylýar.
SEKIZ ASYRYŇ ŞAÝADY
Ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynda pisse tokaýlygynyň içinde gojaman pisse agajy bar. Bu pisse agajy beýleki agaçlar ýaly hasyl bermese-de, ýylyň-ýylyna öz ýaşyl ýapraklarynyň terligini saklap bilýär. Gojaman pissäniň ýaşyny hiç kim anyk bilmeýär. Şeýle hem bolsa bu pisse agajynyň ýaşynyň 800 ýyldan geçendigini alymlar çaklaýarlar.
Emetylla Habibullaýew,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.