Ang­li­ýa­nyň Su­on­si uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri is­len­dik plas­tik zy­ňyn­dy­dan ýan­gyç ön­dü­rip bol­ýan tas­la­ma­ny taý­ýar­la­dy­lar. Soň­ky ýyl­la­ryň iň uly me­se­le­le­ri­niň bi­ri ila­tyň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän zy­ňyn­dy­la­ry daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz ýag­daý­da gaý­ta­dan iş­le­mek bo­lup dur­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň gün­sa­ýyn ös­me­gi bi­len taý­ýar­lan­ýan tas­la­ma­lar bu ýag­da­ýyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam eder. Iň­lis hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da çalt dep­gin­ler­de ön­dü­ril­ýän elekt­ro­kar­lar üçin aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si üp­jün edi­ler. Te­bi­ga­ta taş­la­nan­da ýi­tip, ýok bol­ma­gy üçin bir­nä­çe ýüz ýyl ge­rek bol­ýan plast­mas­sa zy­ňyn­dy­lar ýan­gyç hök­mün­de ula­ny­lyp, ada­ty ýan­gyç­la­ra al­ter­na­ti­w bo­lar. Tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, plast­mas­sa zy­ňyn­dy­lar wo­do­rod çeş­me­si­ne öw­rül­ýär hem-de aw­tou­lag­lar we beý­le­ki ulag­lar üçin ýan­gyç hök­mün­de ula­nyl­ýar. Şeý­le hem plast­mas­sa­ gö­nü­den-gö­ni çig mal hök­mün­de ula­nyl­ýan­dy­gy se­bäp­li daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Yl­my to­pa­ryň ag­za­sy, himiki ylymlaryň dok­tory Mo­ris Kuh­neliň aýt­ma­gy­na gö­rä, tas­la­ma­nyň go­wy ta­ra­py ula­nyl­ýan çig ma­lyň aý­ra­tyn­lyk­da gaý­ta­dan iş­len­me­gi­ne ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar. My­sal üçin, ösüm­lik ýa­gy­nyň ga­by ula­nyl­ýan bol­sa, onuň için­de ga­lan ýa­gy aras­sa­la­ma­z­dan peý­da­la­nyp bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bi­ler­men­ler şeý­le tas­la­ma­la­ryň ýa­şa­ýyş we daş­ky gur­şaw şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga go­şant goş­ýan­dy­gy­na we mu­nuň üçin ýe­ter­lik teh­no­lo­gik inf­rast­ruk­tu­ra­nyň bar­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ýurt­da bio­ýan­gyç ön­dür­mek­de hem uly iş­ler edil­ýär.