Hä­zir­ki wagt­da Mon­go­li­ýa­nyň Hy­taýa ýa­kyn ara­çäk­le­rin­dä­ki 5,3 mil­li­on gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän Go­bi go­rag­ha­na­syn­da Prže­wals­kiniň at­la­ry­nyň 200 sa­ny­sy sak­lan­ýar. Bu ba­ra­da ýer­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ha­bar ber­ýär. Go­rag­ha­na­nyň ýol­baş­çy­la­ry ola­ryň baş sa­ny­ny 500-e çen­li art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Hü­när­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, şu gün­ki gün­de Mon­go­li­ýa­da er­kin ýa­şa­ýan Prže­wals­kiniň at­la­ry­nyň umu­my sa­ny 340-a ýet­ýär. Te­bi­gat­da ola­ryň sü­rü­si 5-12-den köp bol­ma­ýar.
Hü­när­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, Pra­ga­nyň haý­wa­nat ba­gyn­dan ge­ti­ri­len dört sa­ny baý­ta­lyň üs­ti bi­len ola­ryň baş sa­ny art­dy­ry­lyp­dyr. Alym­lar ola­ryň to­hu­my­ny go­rap sak­la­mak we kö­pelt­mek üçin azyn­dan 400-500 atyň ge­rek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.
Bi­ler­men­ler Pr­že­wals­kiniň at­la­ry­ny ýa­ba­ny at­la­ryň ýe­ke-täk gör­nü­şi di­ýip ha­sap­la­ýar­lar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, bu at­la­r 10-15 ýyl ýa­şa­ýar.