“Pulitser” baýragynyň guramaçylyk komitetiniň täze başlygy “The New York Times” gazetiniň ozalky baş redaktory Dana Kanedi boldy. Bilşimiz ýaly, “Pulitser” baýragy dünýäniň iň abraýly žurnalistika baýragydyr. Golaýda Dana Kanedi 70 ýaşly Maýkl Praýdyň ýerine bu wezipä bellenildi.
“Pulitser” baýragy boýunça Geňeşiň wekili Sabrina Li “Ilkinji gezek “Pulitser” baýragynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy wezipesine afroamerikan zenany bellendi” diýip habar berdi. Kanediniň özi 2001-nji ýylda “Pulitser” baýragyna eýe bolupdy. Baýrak boýunça Geňeşiň başlygy Jin Robinsonyň sözlerine görä, “Žurnalist zenan gujurly, tejribä baý we durnukly häsiýete eýe. Bu bolsa, habar beriş serişdeleriniň täze tehnologiýa geçýän şertlerinde has-da möhümdir”.
“Pulitser”-iň ozalky başlygy “Concord Monitor” gazetiniň redaktory Maýkl Praýd bolsa, hormatly dynç alşa çykýar. Dana Kanediniň işine baýraga dalaşgärleriň eserlerini dykgatly saýlamak, her ýylky dalaşgärleri dabaraly sylaglamak däbini geçirmek, emin agzalarynyň geňeşligini düzmek, baýragyň eýesini saýlamak maksady bilen geňeşligiň maslahatyny geçirmek ýaly birgiden wezipeler girýär.