Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li aý­dym-saz sun­ga­ty­myz kä­mil de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Mu­ny go­laý­da Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra hem su­but ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, du­tar hem-de gy­jak se­ne­di­mi­ziň us­sa­dy, mu­kam­çy kom­po­zi­tor Pür­li Sa­ry­ýe­we ba­gyş­la­nan ýat­la­ma da­ba­ra­sy­na aý­dym-saz muş­dak­la­ry, saz öw­re­ni­ji­ler, şeý­le hem us­sat ha­ly­pa­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­riş usu­ly­na ýyk­gyn edip saz äle­mi­ne baş go­şan ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Kon­ser­wa­to­ri­ýa­nyň halk saz gu­ral­la­ry an­samb­ly­nyň ýaň­lan­dy­ran “Şat­lyk” sa­zy da­ba­ra­ny gur­şap al­ýar. Ha­ly­pa­nyň jöw­her ze­hinin­den ço­gup çy­kan bu saz bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­my­zyň eş­ret­le­ri­niň was­py bo­lup dabara gatnaşyjylary has-da begendirdi. Pür­li aga­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren halk saz­la­ry­ny, onuň öz dö­re­den şi­rin­den-şi­rin heň­le­ri­ni onuň gö­rel­de mek­de­bi­ni ynam­ly do­wam et­dir­ýän bu gün­ki bag­ty­ýar sa­zan­dalar uly hö­wes bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Aý­dym-saz­ly da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Pür­li aga­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik us­sat­ly­gy­ny yl­my ta­rap­dan öw­ren­ýän saz­şy­nas­lar hem çy­kyş edip, Şa­my­rat Gur­ban­ne­pe­sow, Tu­gur Ber­di­ny­ýa­zow, Ça­ry Täç­mäm­me­dow, Oraz Sa­ry­ýew, Ata Ab­ly­ýew, Ýag­myr Nur­gel­di­ýew, Han­gel­di An­na­my­ra­dow, Dört­gu­ly Dur­dy­ýew, Nur­je­mal Ady­ýe­wa, Giç­gel­di Ama­now, Ki­çi Gel­di­my­ra­dow ýa­ly bag­şy-sa­zan­da­la­ryň Pür­li aga­dan köp zat öw­re­nen­dik­le­ri­ni bel­le­di­ler. Ha­ly­pa­nyň bar­mak­la­ry­nyň em­ri bi­len en­çe­me mu­kam­la­ry­myz tä­ze öwüş­gi­ne bes­len­di. Kä­bir aý­dym-heň­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ni­lip, saz de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­di. Şeý­le­lik­de, “Pür­li aga­nyň çal­şy” di­ýen öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­gäniň dö­rändigine, “Gy­rat”, “Gül­zar”, “Iş­baý”, “Ke­rem­gel­di”, “Kän gül­di”, “Now­gül”, “Ha­ra­ýym dön­di” ýa­ly on­lar­ça saz­la­r hem su­but ed­ýär. Ha­ly­pa­nyň gy­jak­da ça­lyp mi­ras go­ýan “Ýa­şyl­baş”, “Tor­gaý guş”, “Bi­bi” ýa­ly saz­la­ry bol­sa us­sat­ly­ga ýe­ti­şen en­çe­me sa­zan­da­la­ra nus­ga bol­dy.
Gur­ban­my­rat Baý­jy­kow,
Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li
kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň mu­gal­ly­my.