1995–96 möw­sü­min­den bä­ri il­kin­ji ge­zek “Pre­mi­er li­ga­da” öň­dä­ki 4 or­na dü­şüp bil­me­dik “Ar­se­nal” to­pa­ry “Li­on­dan” fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi Alek­sandr La­ka­ze­ti trans­fer et­di. Top­çu­lar 26 ýaş­ly oýun­çy bi­len uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­la­şyp, fut­bol­çy­nyň öň­ki klu­bu­na-da 53 mil­li­on ýewro (goş­ma­ça­la­ry-da ha­sa­ba ala­nyň­da 60 million ýewro) be­rer. Şeý­le­lik­de, La­ka­zet “Ar­se­na­lyň” şu wag­ta çen­li dü­zü­mi­ne go­şan iň gym­mat oýun­çy­sy bol­dy. On­dan öň­ki re­kord 42,4 mil­li­on funt bi­len Me­sut Özi­le de­giş­li­di (2013). 2010-njy ýyl­da “Li­on­da” fut­bo­la baş­lan La­ka­zet 275 oýun­da 129 gol ge­çir­di. Şeý­le-de “Ar­se­nal” to­pa­ry “Şal­ke­den” 24 ýa­şyn­da­ky bos­ni­ýa­ly go­rag­çy Se­ad Ko­la­şi­na­çy hem tö­leg­siz ýag­daý­da öz ha­ta­ry­na goş­dy.