UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň jo­gap du­şu­şyk­la­ryn­dan soň, ýa­rym fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy. 2 is­pan, 1 iň­lis we 1 ne­mes to­pa­ry ku­bok ug­run­da bäs­le­şi­gi do­wam et­di­rer. Çär­ýek fi­na­lyň jo­gap du­şu­şy­gyn­da 3 oýun­da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­za­nyp, bu üs­tün­lik ola­ryň ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy­na iter­gi ber­di. 4 oýun­da je­mi 10 pök­gi ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le-de ýa­rym fi­na­la çy­kan 4 to­pa­ram 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün­lik ga­zan­dy­lar.

Ro­nal­do, Ro­nal­do, Ro­nal­do
Ger­ma­ni­ýa­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da 2–0 ha­sa­byn­da utu­lan “Re­al Mad­rid” klu­by “Wolfs­burg” to­pa­ry­ny öz meý­dan­ça­syn­da 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 3–2 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan is­pan klu­bu­nyň gol­la­ry­nyň 3-si­ni hem Kris­tia­no Ro­nal­do öz ady­na ýaz­dyr­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 5-nji het-tri­gi­ni eden (bu ugur­da Mes­si bi­len deň­leş­di) su­per oýun­çy 15-nji, 17-nji we 77-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­dy. Onuň şu ýyl­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 16-a ýet­di. Şun­luk­da, “Re­al Mad­rid” bas­syr 6-njy ýo­la, umu­my­lyk­da 11-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Şo­la­ryň 4-sin­de ku­bo­gy alan “Re­al Mad­rid” 1-nji oýun­da 2 gol ara­ta­pa­wu­dy bi­len utu­lyp, jo­gap du­şu­şy­gyn­da özü­ne ge­rek bo­lan ne­ti­jä­ni ga­za­nan 3-nji to­par boldy. “Re­al” şu möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da öz meý­dan­ça­syn­da gol ge­çirt­me­dik ýe­ke-täk to­par­dyr.

“Man­çes­ter Si­ti” il­kin­ji SAPAR
“Man­çes­ter Si­ti” öz meýdançasynda fran­suz­la­ryň “PSŽ” to­pa­ry­ny ka­bul et­di. Pa­riž­den deň­lik bi­len do­la­nan şä­her­li­ler 1-nji oý­nuň gah­ry­man­la­ryn­dan Ke­win De Bruý­nä­niň 76-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýeň­iş gazandy. “Man­çes­ter Si­ti” 5-nji ge­zek gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da oýnan il­kin­ji ýola çär­ýek fi­nal­yndan soň, 1-nji sa­par ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. PSŽ bol­sa, bas­syr 4-nji ýo­la ýa­rym fi­na­lyň bo­sa­ga­syn­dan gaýt­dy. Ýagny, 4 ýyl­lap çär­ýek fi­na­la çy­kan PSŽ bu sa­par hem ýa­rym fi­na­la çy­kyp bil­me­di. Bu oýun­da-da 2 du­şu­şy­gyň je­mi bo­ýun­ça ha­sap 3–2 bol­dy. “Siti” ýarym finala çykan 10-njy iňlis toparydyr.

“Ba­wa­ri­ýa” üçin ýeňil bol­dy
He­ni­ze çen­li “Ben­fi­ka­dan” ýe­ň­lip gör­me­dik “Ba­wa­ri­ýa” bu sa­par hem şol üs­tün­li­gi­ni sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Mün­hen­de 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Ba­wa­ri­ýa” myh­man­çy­lyk­da “Ben­fi­ka” bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. 27-nji mi­nut­da Hi­me­nes bi­len öňe saý­la­nan ýer eýe­le­rine 38-nji minut­da Wi­dal jo­gap ber­di. 52-nji mi­nut­da To­mas Mül­ler myh­man­la­ry öňe çy­kar­dy. 76-njy mi­nut­da­ky Ta­lis­ka­nyň owa­dan go­ly “Ben­fi­ka” üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şun­luk­da, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Ba­wa­ri­ýa” bas­syr 5-nji sa­par ýa­rym fi­nal pe­te­gi­ni al­dy.

2-nji ge­ze­gem “At­le­ti­ko­dan” utul­dy
“Kamp Nou­da­ky” 1-nji oýun­da 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len “At­le­ti­ko Mad­rid” “La Li­ga­da” yz­ly-yzy­na 2 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­dik “Bar­se­lo­na­ny” ka­bul et­di. “Bar­se­lo­na” to­py özün­de sak­lan hem bol­sa, ýer eýe­le­ri ola­ryň he­mi­şe­ki­ler ýa­ly pas­la­şyp oý­na­ma­gy­na rug­sat ber­me­di. 1-nji oý­nuň il­ki gah­ry­ma­ny, soň­ra an­ti­gah­ry­ma­ny bo­lan Tor­res­siz meý­dan­ça çy­kan “At­le­ti­ko” 36-njy mi­nut­da An­tu­an Griz­man­nyň kel­le go­ly bi­len öňe saý­lan­dy. Şon­dan soň, ka­ta­lon­lar bu go­la jo­gap ber­mek üçin kän dyr­jaş­dy­lar. Ýöne bolmady. Oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 mi­nut ga­lan­da, ita­li­ýa­ly Ni­ko­la Riz­zo­li “Bar­ça­nyň” ýyl­dyz­la­ryn­dan And­res Inies­ta­nyň to­py eli bi­len oý­na­ny üçin 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di. Ony-da Griz­mann dürs ýe­ri­ne ýe­tir­di we ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. Şon­dan soň, ga­lan pur­sat­lar­da soň­ky çem­pi­on “Bar­ça” 1 gol ge­çi­rip, umu­my ha­sa­by deň­le­mek üçin gö­reş­di. Em­ma bu başa barma­dy we “Bar­se­lo­na” soň­ky 3 möw­süm­de 2-nji ge­zek çär­ýek fi­nal­da ýa­ryş­dan çyk­dy. Bu ugur­da ola­ra öňem päs­gel be­ren “At­le­ti­ko” bo­lup, katalonlar 2013/14 möw­sü­min­de çär­ýek fi­nal­da mad­rid­li­ler­den as­gyn ge­lip­di (0–0, 1–0). Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, 2007/08 möw­sü­min­den bä­ri çär­ýek fi­na­la çyk­ýan “Bar­se­lo­na” hä­zi­re çen­li şol 9 ýyl­lyk dö­wür­de di­ňe 2 ge­zek ýa­rym fi­na­la çy­kyp bil­me­di. Ol şo­la­ryň 2-sin­de-de “At­le­ti­ko Mad­rid­den” utul­dy. Şeý­le­lik­de, bu ge­zek hem Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny bir to­par yz­ly-yzy­na alyp bil­mez. Muny hä­zi­re çen­li (1993-nji ýyl­dan bä­ri) ba­şar­an to­par ýok. Ga­ly­ber­se-de, Mes­si 5-nji oý­nun­da-da 500-nji to­pu­ny ge­çi­rip bil­me­di. 2010-njy ýyl­dan soň, ol il­kin­ji ge­zek bas­syr 5 oýun­da ta­pa­wut­la­nyp bil­me­di.

TARYHY OÝUNDA “LIWERPULYŇ” ÝEŇŞI
UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň jo­gap oýun­la­ryn­da ta­ry­hy du­şu­şyk bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­ly tä­lim­çi Ýur­gen Klop­puň öň­ki we hä­zir­ki klub­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun en­tek-en­tek­ler ýat­dan çyk­ma­sa ge­rek. Dort­mund­da 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nan “Li­wer­pul” bi­len “Bo­rus­sia­nyň” ara­syn­da­ky jo­gap oý­nun­da jan­kö­ýer­ler 7 go­la şa­ýat­lyk et­di­. 9 mi­nut­da 2 gol ge­çi­ren myh­man­lar 1-nji ýa­ry­my öň­de ta­mam­la­dy­lar. 48-nji mi­nut­da Ori­ji ýer eýe­le­ri­ni umyt­lan­dyr­dy. 57-nji mi­nut­da Roýs “Bo­rus­sia­nyň” 3-nji to­pu­ny ge­çir­di. 66-njy mi­nut­da Kou­ti­nio, 78-nji mi­nut­da-da Sak­ho­nyň gol­la­ry bilen ha­sap deň­len­di (3–3). Oý­nuň so­ňu­na go­şu­lan 4 mi­nu­tyň il­kin­ji pur­sat­la­ryn­da sag gap­dal­dan je­ri­me meý­dan­ça­sy­na ge­çi­ri­len to­pa kel­le­si bi­len uran Low­ren to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Soň­ky çem­pi­on “Se­wil­ýa öz meý­dan­ça­syn­da “At­le­tik­den” 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Olar 1-nji oýun­da şol ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýe­ňi­ji­ni pe­nal­ti ur­gu­la­ry kes­git­le­di we 5–4 ha­sa­byn­da ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zen “Se­wil­ýa” çem­pi­on­ly­gy­ny 2-nji ge­zek go­ra­mak müm­kin­çi­li­gi­ni do­wam et­di­rer. “Şaht­ýor” “Bra­ga­ny” aň­sat­lyk bi­len utan bol­sa (4–0), “Wil­lar­re­al” üçi­nem “Spar­ta­ny” (4–2) ýeň­mek kyn bol­ma­dy.

ÝARYM FINALYŇ BIJELERI
Düýn UEFA-nyň mer­ke­zi bi­na­sy­nyň ýer­leş­ýän şä­he­ri Nýon­da ýa­rym fi­na­lyň bi­je­le­ri atyl­dy. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 11-nji ku­bo­gy­na ym­tyl­ýan “Re­al Mad­rid” ýa­rym fi­na­lyň deb­ýu­tan­ty “Man­çes­ter Si­ti” bi­len, baş­ga bir esa­sy fa­wo­rit “Ba­wa­ri­ýa” bolsa, “At­le­ti­ko Mad­rid” bi­len güýç sy­na­ny­şar. Ýa­rym fi­na­lyň 1-nji oýun­la­ry 26–27-nji ap­rel­de, jo­gap du­şu­şyk­la­ry-da 3–4-nji maý­da oý­na­lar. “Re­al Mad­rid” hä­zir­ki wag­ta çen­li “Man­çes­ter Si­ti” bilen 2 du­şu­şyk ge­çi­rip, 1-in­de ýeň­di, 1-in­de hem deň­me-deň oý­na­dy. Olar 2012/13 möw­sü­min­de 1 to­par­ça­da du­şu­şyp­dy. Mad­rid­dä­ki oýun 3–2, Man­çes­ter­dä­ki du­şu­şyk bol­sa, 1–1 ha­sa­byn­da ta­mam­la­nyp­dy.
“At­le­ti­ko” bi­len “Ba­wa­ri­ýa” hem mun­dan öň öza­ra 2 du­şu­şyk ge­çi­rip­di. 1974-nji ýyl­da­ky fi­nal­da du­şu­şan 2 klu­buň ara­syn­da­ky 1-nji oýun 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­ta­ryp­dy. Gaý­ta­dan oý­na­lan du­şu­şyk­da ne­mes to­pa­ry 4–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Ýew­ro­pa li­ga­syn­da soň­ky çem­pi­on “Sewilýa” fi­na­la çyk­mak üçin il­ki “Şaht­ýor­dan” öňe saý­lan­ma­ly bo­lar. “Li­wer­pul” bol­sa, “Wil­lar­re­al” bi­len güýç sy­na­ny­şar. Du­şu­şyk­lar 28-nji ap­rel­de we 5-nji maý­da oý­na­lar.