Dünýäniň iň gadymy şäherlerini biri hasaplanýan Italiýanyň Rim şäheri döredileniniň 2769 ýyllygyny belläp geçdi. Geçen hepdäniň ahyrynda şäheriň döredilen gününe bagyşlanyp, dabara geçirildi. Rimiň iri köçelerini dolduran mähelle köçeden dabaraly ýöriş bilen geçen legionerleri, gladiatorlary we senatorlary synlady. 2000-den gowrak adam bu dabaraly ýörişe gatnaşdy. Şäheriň döredilen güni italiýalylaryň esasy baýramçylyklaryň biridir. Biziň eýýamymyzdan öňki 735-nji ýylda ady rowaýata öwrülen Romul Tibr derýasynyň kenaryndaky 7 sany baýyrlyklaryň birinde häzirki Rim şäheriniň düýbüni tutupdy. Bu senäni gadymy astrolog ýyldyzlar boýunça mälim edipdi. Ýöne alymlaryň pikirine görä, ol hem anyk däl. Rimiň döredilen ýylynyň has-da irki döwürlere baryp ýetýändigi çaklanylýar. Her ýyl müňlerçe adam şäheriň döredilen gününiň dabaralaryna gatnaşýar. Şol gün şäheriň taryhyny açyp görkezýän teatrlaşdyrylan sahna oýunlary görkezilýär. Dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.