Paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de geçirildi. Türkmenistanda her ýyly atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Onuň şygarynda täze tapgyrda milli ösüşiň möhüm ugurlary yglan edilýär. Munuň özi her bir adamyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ägirt uly işlere dahylly bolmaga hem-de öz şahsy goşandyny goşmaga, watançylyk ruhuny we ymtylyşyny artdyrmaga ýardam berýär.
Häzirki döwürde biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän esasy ýurtlaryň biridir. Dünýäde güýçli hem-de ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly döwletdir. Döwletimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberli maýa goýumlaryny goýýar. Daşary söwda dolanyşygymyz yzygiderli artýar. Zähmet haklary her ýyl durnukly ýagdaýda köpeldilýär. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar.
2019-njy ýylyň şygary hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” we “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen ynsanperwer ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Çünki rowaçlyk durmuş we ykdysady gülläp ösüşiň, parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýanyň hem-de deňhukukly halkara gatnaşyklaryň kanunalaýyk netijesidir. Hut şonuň üçin hem şu ýylyň nyşanynda täze belentliklere tarap ymtylýan ýurdumyzyň abadançylygynyň we parahatçylyk söýüjiliginiň alamaty hökmünde “Abadançylyk” binasy hem-de zeýtun baldajyklary şekillendirilendir.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň çärelerine badalga berilmegine bagyşlanan dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Muhabbet DÖWLETOWA,
A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.